Dark
Light
24.01.2026
wco 2 180624 THE ASHGABAT TIMES
Türkmen ilçisi we Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary türkmen el halysyny synlaýarlar, 2024-nji ýylyň 17-nji iýuny

Türkmen ilçisi Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

18.06.2024

2024-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow duşenbe güni Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary Ýan Sonders bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gümrük gulluklarynyň sazlaşykly hyzmatdaşlygynyň sebit söwdasynyň ýokarlanmagyna hem has oňaýly täsir edip biljekdigine üns çekdiler we gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şeýle hem sebit söwdasynyň ýokarlandyrylmagynda gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk aýratyn bellenilip geçildi.

Şeýle hem türkmen ilçisi Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretaryna beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şekili şekillendirilen türkmen el halysyny gowşurdy.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halyçylary tarapyndan dokalan bu nepis haly Türkmenistanyň baý mirasynyň nyşany hökmünde Bütin dünýä Gümrük guramasynyň muzeýinde saklanylar.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow bilen Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary Ýan Sondersyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 17-nji iýuny

belgiya forum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Golland kompaniýalary Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçiliklerini öwrendiler

eyran211 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda mukaddes Gurban baýramy mynasybetli medeni çäre boldy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss