rgpahufj9ehfm5e0urc0cil82ag1rkcj THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-Rus uniwersitetiniň, drama teatryň we orta mekdebiň gurluşygy maslahatlaşyldy

15.06.2024

Türkmenistan we Russiýa Türkmen-Rus uniwersitetiniň döredilmegini, Döwlet rus drama teatrynyň täze binasynyň we Aşgabatda Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebiniň goşmaça binasynyň gurulmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň habar bermegine görä, bu meselä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda 13-nji iýunda Aşgabatda geçirilen duşuşykda garaldy.

Konstantin Kosaçýow Aşgabatda geçirilen duşuşyklaryň Russiýa bilen Türkmenistan arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm tapgyra öwrüljekdigine ynam bildirdi.

pam1p2zhu3a8u5dhozhsab2mnaezwt5f THE ASHGABAT TIMES

Şeýle hem şol gün Konstantin Kosaçýow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa we Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy, Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Dostluk toparynyň başlygy Batyr Baýlyýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ashgabat
4:45 am, Mar 27, 2025
temperature icon 7°C
переменная облачность
Humidity 69 %
Pressure 1023 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 31%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:59 am
Sunset Sunset: 7:24 pm
hhhh THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Türkmendemirýollary» agentliginiň we «Hytaý demirýollary» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyk geçirildi

humaya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

AŞTU «Uly Gaýa» bilen täze «Smart Goldaw» hyzmatyny işe girizdi

Soňkylar Habar

Türkmen mugallymlary Rumyniýa iş saparynda

25.03.2025
HYYweÖU-nyň mugallymlary Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Alba-Iulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş sapary bilen barypdyr. Saparyň möhleti 2025-nji ýylyň 24-28-nji mart aralygynda dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbeýjan stendi bilen tanyşdy

23.03.2025
Türkmenistandaky Berzeňňi şypahanasynda köpçülikleýin agaç ekmekligiň dowamynda däp bolan “Dünýä aşhanasy” bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä dürli ýurtlaryň diplomatik
GitTop

Don't Miss