Dark
Light
25.01.2026
9eff3b9490b155feb8782b8f255ae65c THE ASHGABAT TIMES

«Türkmenhowaýollary» Saud Arabystany Patyşalygyna ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

27.06.2024

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýulmagy meýilleşdirýär.

Agentligiň 2024-nji ýylyň 26-nji iýunynda beren habaryna görä, bu çözgüt müşderileriň isleginiň artýandygy nazara alnyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlary hepdäniň çarşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan häzirki wagtda reje boýunça ýerine ýetirilýän ýolagçy halkara gatnawlaryna islegler yzygiderli artýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

jv0crv6cbgdgay8k3cbffg3n8o1ula 1500x800 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy

07032023 001 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Çaga sallançagyny ýasamak we hüwdiniň ýerine ýetirijilik däplerini» ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek meýilleşdirilýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss