Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolow bilen Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjaryň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 25-nji iýuny, Hyrat, Owganystan (Surat: “Bakhtar News” agentligi)

Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary artdyrmakçy

27.06.2024

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolow Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasynda üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Bakhtar News» agentligine salgylanyp «Biznes Türkmenistanyň» habar bermegine görä, türkmen diplomaty harytly ýük awtoulaglarynyň her günde 120-siniň Turgundy serhetýaka barlag-geçiriş nokadyndan geçirilmegini üpjün etmäge Türkmenistanyň taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol «Nur-ul-Jahad» podstansiýasynda abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.

Welaýatyň häkimi öz gezeginde, owgan miwe, bakja önümlerini we gury ir-iýmişleri Türkmenistana eksport etmäge gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça Hyradyň ýerli ýolbaşçylarynyň tagallalaryna ýokary baha berdi hem-de degişli ulgamlarda hyzmatdaşlyga türkmen tarapynyň taýýardygyny belledi.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat şäherine saparynyň çäklerinde Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuriddin Azizi bilen duşuşdy. Duşuşygyň jemleri boýunça 10 sany şertnama we 2 sany söwda ähtnamasyna gol çekildi.

loader-image
Ashgabat
8:40 pm, Sep 19, 2024
temperature icon 24°C
облачно с прояснениями
Humidity 31 %
Pressure 1017 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

Next Story

Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss