Dark
Light
24.01.2026
1707599418127041406 1000 THE ASHGABAT TIMES

Ýanwar-maý: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanşygy 1,4 göterim artdy

22.06.2024

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 455,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 20-nji iýunda çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 407,5 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 48 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň şu ýylyň bäş aýyndaky umumy daşary söwda dolanyşygy 26,7 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 768,5 million ABŞ dollary möçberinde ýa-da 3 göterim ýokarlandy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 288 million ABŞ dollaryna deň boldy.

yjvqpabpkwc6c0emqxxetgqlwlnuqp 600x450 1 e1719044701820 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

SPECA-da Türkmenistan ýene-de başlyklyk etmegi meýildirilýär

bitaraplygyn yalkymy abotyya9qy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebiniň täze binasy gurulmagy meýilleşdirilýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss