Dark
Light
03.01.2026
914 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk polipropileni öndüriler

10.06.2024

Häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynda işlenip taýýarlanylýan polipropilenleriň hil we ekologiýa derejesiniň dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew ýurdumyzyň polipropilen hem-de polietilen önümlerinden taýýarlanýan we lukmançylyk edaralarynda yzygiderli ulanylýan sanjym enjamlaryny ulanmak babatda ägirt uly geljeginiň bardygyny habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk önümlerini öndürmekde zerur bolan degişli çig mallaryň üpjünçiliginiň, şeýle hem ýerli polipropilen çig malyndan halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk polipropilenini öndürmek boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň, önümçiligi meýilleşdirilýän çig mallara we önümlere degişli standartlaryň kabul edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda halkara ISO güwänamalarynyň alynmagy boýunça degişli işler amala aşyrylmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli polipropilen çig malyndan halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk polipropilenini öndürmek boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň zerurdyny belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň barşynda bellenilip geçildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yash kyayv38 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde guruljak lukmançylyk klasteriniň düzümleriniň taslamalary bilen tanyşdy

c4dfa96c 9359 40d7 9b79 86c832f89a9c THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Günorta Amerikadaky gaýalaryň ýüzünde ýaşy 2000 ýyl bolan syrly nyşanlar tapyldy

Soňkylar Saglyk

Gök otlaryň saglyga peýdasy

08.12.2025
Lukmanlaryň maslahatyna görä, günüň dowamynda miweleriň we gök önümleriň hiç bolmanda 400 gramyny iýmelidir. Ilkinji nobatda bolsa ter gök otlary gündelik iýmit bilen ýanaşdyrmagy

Adam beýnisi ulalyp bilermi?

01.12.2025
Ählimize mälim bolşy ýaly, adam beýnisiniň ululygynyň artýandygy alymlar tarapyndan geçirilen täze gözlegleriň netijesinde-de ýüze çykaryldy. Aslynda, bu usulyň ýaşyň ýokarlanmagynyň netijesinde ýaş nesillerde
GitTop