2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýtmämmedow Gruziýanyň Medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary Ioseb Bagaturiýa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Gruziýada geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar ähli ugurlar boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini kanagat bilen bellediler.
Ioseb Bagaturiýa öz gezeginde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanjak medeni çäreleriň ýylyň dowamynda Gruziýada hem geçiriljekdigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi we Gruziýanyň Medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleriniň milli medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň, türkmen halkynyň taryhynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da baýlaşdyrylmagyna, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugynyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine berk ynam bildirdiler.