Dark
Light
10.01.2026
dalasgar THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärler bilen duşuşyk geçirildi

12.06.2024

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärler bilen duşuşyk geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň 20-nji aprelindäki Karary esasynda şu ýylyň 7-nji iýulynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hasaba alnan dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary guramaçylykly ýagdaýda dowam edýär.

Häzirki wagtda 1-nji «Garaşsyzlyk» okrugy boýunça dalaşgärleriň 3-si hasaba alyndy. Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär Dürli Allamyradowna Öwezowa özüniň maksatnamalary bilen çykyş etdiler hem-de saýlawçylar bilen sorag-jogap alyşdy.

Duşuşyga Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk» okrug saýlaw toparynyň agzalary, okrugyň düzümindäki uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary, institutyň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

image THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

POCO F6 we F6 Pro täze model smartfonlar güýçli we orta býujetli ýagdaýda hödürlenýär

Next Story

Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop