Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

04.06.2024

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi ruhubelentligi, dost-doganlygy we sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrýan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde, sport diplomatiýasyny ösdürmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!
Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýaly umumadamzat ýörelgeleriniň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty giňden wagyz etmekde uly mümkinçilikleri açýar. Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiziň we merdana halkymyzyň şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem, asylly däbe görä, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde köpçülikleýin sport çäreleri uly ruhubelentlik bilen, guramaçylykly geçirilýär. Bütindünýä welosiped gününde welosiped sporty boýunça guralýan ýaryşlar, köpçülikleýin ýörişler, maslahatlar sportuň bu görnüşiniň hem-de ekologik taýdan iň arassa ulag serişdesi bolan welosipediň ähmiýetini, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir

.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Eziz Diýarymyzda welosiped sporty we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýatlarda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri, ýaryşlary geçirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň täze neslini — geljekki olimpiýaçylary kemala getirmek, şol sanda raýatlarymyzyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin niýetlenen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ugurdaş düzümler döredildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän üsti ýapyk görnüşli Welotrek toplumy onuň ýöriteleşdirilen desgalarynyň biridir. Ol ähli görkezijilere, şol sanda tehniki üpjünçilik babatda şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. 2017-nji ýylda Aşgabadyň Welotrek toplumynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde welosiped boýunça ýaryşlar geçirildi.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolup, bu abraýly düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz milli hem-de umumadamzat bähbitlerinden ugur alyp, halkara tagallalary birleşdirmek boýunça çagyryşlar bilen çykyş edýär. 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen degişli Kararnamanyň kabul edilip, her ýylyň 3-nji iýunynyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyryp, ata Watanymyzda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyna uly ähmiýet berilýändigini görkezdi.

Sarpasy belent Prezidentimiz!
Ata Watanymyz Türkmenistanda welosiped hereketini ilerletmäge gönükdirilýän çäreler giň gerimliligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. 2018-nji ýylda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň geçirilmegi, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda 2019 sany welosipedçiniň biri-birinden deň aradaşlykda bir hatara düzülip, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan aýlanmagy we 3300 metr aralygy geçmegi bilen, «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş» ady bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi sport döwleti hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz!
Sizi täze taryhy döwrümizde sport çäreleri bilen ýaýbaňlandyrylyp, giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:37 pm, Sep 20, 2024
temperature icon 30°C
ясно
Humidity 19 %
Pressure 1013 mb
Wind 16 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 2%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

SANLARYŇ  GADYMY  ATLARY  WE  OLAR  BILEN BAGLY DÜŞÜNJELER

Next Story

«Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Soňkylar Habar

GitTop