Dark
Light
24.01.2026
prezentacziya2 1 e1719596447981 THE ASHGABAT TIMES

Watançylyk ündewi — döwürleriň baky aýdymy

28.06.2024

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby halkymyza «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özboluşly sowgat boldy. Gahryman Prezidentimiz bu kitabynyň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» diýlip atlandyrylan babyndaky taryh bilen bagly kyssalaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndan hem söz açýar: «Änew şäheriniň türki dünýäsinde eýeleýän ornuny dabaralandyrýan wakalaryň, Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini adamzadyň öňünde täzeden janlandyrýan çuň mazmunly çäreleriň biri-biri bilen utgaşyklylygy hem tebigylykdyr. Çünki Magtymguly Pyragy adamzadyň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan belli şahsyýet bolsa, gadymy Änew topragy maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärlikleriniň mekanydyr». Şeýle diýmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ruhy we maddy medeniýetiň arabaglanyşygyna hem-de olaryň adamzat ýaşaýşyndaky zerurlygyna ünsi çekýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň gymmatly kitabynyň «Watan hakyndaky müdimi owaz» diýen bölüminde: «Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, olar beýik akyl-paýhas taglymatydyr, ylym-bilim sapagydyr, danalaryň öz nesillerine öwüt-nesihatydyr» diýip bellemek bilen, Magtymgulynyň şahsyýet belentligine, kämilligine ýokary baha berýär. Pähim-paýhas ummanyna deňelýän akyldar şahyryň watançylyk taglymatlaryna, bu babatda onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň görelde mekdebine mysallaryň üsti bilen dowamly ýüzlenýär, okyjyny watanperwerlige çagyrýar. Çünki soňlanmajak aýdyma öwrülen watançylyk taglymaty adamzat ýaşaýşynda iň gymmatly barlyga barabardyr.

Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar. Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän şanly ýylynda şahyryň mertebesini şöhratlandyrmak, edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýän halkara derejedäki çäreler hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Biz Magtymguly Pyragyly halk hökmünde hemişe serimizi belent tutup, dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşan beýik halkyň nesilleridigimize buýsanmaga haklydyrys.

Röwşen TÄŞLIÝEW,
Türkmen Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

prezentacziya2 e1719592856127 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymgulynyň döredijiliginde döwletlilik taglymatynyň beýany

ypmg 6 e1719600119337 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri 3-nji gün II bölüm

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss