Dark
Light
25.01.2026
17015266694077 THE ASHGABAT TIMES

XVII Ýewropa çempionatyna gatnaşýan ýygyndylaryň gymmaty babatda sanaw düzüldi

12.06.2024

2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda badalga aljak XVII Ýewropa çempionatyna gatnaşýan ýygyndylaryň transfer bazaryndaky bahalary esasynda olaryň gymmaty hasaplandy. Bu barada «Transfermarkt» saýtynyň maglumatlaryna salgylanylyp, Türkiýäniň «AA» habarlar agentligi sanawda iň gymmat topar diýip Angliýanyň ýygyndysyny belleýär. Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden biri bolan Angliýanyň düzümindäki 26 futbol türgeniniň bahasy 1,52 milliard ýewro deňdir. Bu babatda Fransiýa 1,23 milliard ýewro bilen II orunda, 1,05 milliard ýewro gymmaty bolan Portugaliýa bolsa III orunda durýar.

100 million ýewro hem ýetmeýän gymmaty bilen Rumyniýanyň ýygyndysy sanawyň ahyrynda görkezilýär.

Umumylykda alanymyzda çempionata gatnaşýan 24 ýygyndynyň gymmaty 11 milliard 381 million ýewro barabardyr. Has takygy sanaw aşakdaky ýaly görkezilýär:

1. Angliýa – 1,52 milliard ýewro;

2. Fransiýa – 1,23 milliard ýewro;

3. Portugaliýa – 1,05 milliard ýewro;

4. Ispaniýa – 965,5 million ýewro;

5. Germaniýa – 851 million ýewro;

6. Niderlandlar – 765 million ýewro;

7. Italiýa – 705,5 million ýewro;

8. Belgiýa – 584,5 million ýewro;

9. Daniýa – 415,5 million ýewro;

10. Ukraina – 379 million ýewro;

11. Horwatiýa – 327,7 million ýewro;

12. Türkiýe – 324,1 million ýewro;

13. Serbiýa – 313,4 million ýewro;

14. Şweýsariýa – 281,5 million ýewro;

15. Awstriýa – 237 million ýewro;

16. Polşa – 210,3 million ýewro;

17. Şotlandiýa – 207,4 million ýewro;

18. Çehiýa – 185,9 million ýewro;

19. Wengriýa – 165,45 million ýewro;

20. Gruziýa – 161,05 million ýewro;

21. Slowakiýa – 156,4 million ýewro;

22. Sloweniýa – 141,55 million ýewro;

23. Albaniýa – 111,6 million ýewro;

24. Rumyniýa – 92,13 million ýewro.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

step up email security with pki THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Email barada käbir gyzykly maglumatlar

turkmen korey THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen Koreý dostlugy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop