Ýakyn Gündogarda ilkinji gezek tomusky Olimpiýa oýunlary geçiriler

07.06.2024

Maglumat tassyklansa, Dohadaky Olimpiada Ýakyn Gündogaryň ilkinji Olimpiadasy bolar.
Kontinental öwrümiň düzgünine görä, 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlary Afrikada ýa-da Aziýada geçirilmelidi. Geljek sekiz ýylyň dowamynda, tomusky Olimpiýa oýunlary Ýewropada (Pariž 2024), Amerikada (Los-Anjeles 2028) we Okeaniýada (Brisben 2032) geçiriler. 2019-njy ýylyň tomsunda, HOK 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin arzalary kabul etmäge başlady.
Oýunlary geçirmek üçin resmi teklipler Türkiye, Meksika, Hindistan we Indoneziýa tarapyndan berildi. Beýleki dalaşgärleriň sanyna Saud Arabystany, Ispaniýa, Çili we Germaniýa hem girdi
Iri halkara ýaryşlaryny üstünlikli geçirmekde tejribesiniň bolmagy, Dohanyň üstünlikli tarapydyr. Şeýlelikde, soňky 10 ýylda Katarda 2015-nji ýylda – gandbol, 2016-njy ýylda – welosport, 2018-nji ýylda – gimnastika, 2019-njy ýylda – ýeňil atletika, 2022-nji ýylda – futbol we 2024-nji ýylda ýüzmek boýunça dünýä çempionatlary geçirildi. Katar 2027-nji ýylda basketbol dünýä çempionatyny kabul eder, 2030-njy ýylda bolsa Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüler.

Çeşmäniň habaryna görä, Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) 2036-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri barada eýýäm karar berdi we Katar bilen soňky jikme-jiklikler babatda ylalaşýar. Şeýle-de bolsa, karar resmi taýdan 2026-njy ýylda yglan edilip bilner.

2036-njy ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlary Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler. Bu barada, ispan neşiri Relevo habar berýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:44 am, Sep 19, 2024
temperature icon 15°C
небольшая облачность
Humidity 58 %
Pressure 1018 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Emeli aňly “akylly” gulaklyklar

Next Story

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 5-nji sany çykdy

Soňkylar Dünýä habarlary

Hytaýda täze taslamaly otly synagdan geçirildi

09.08.2024
Hytaýda täze ýokary tizlikli magnit yşykly otly synagdan geçirildi diýip, Sinhua agentligi habar berýär. Synaglar ýurduň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Datong şäherinde geçirildi, bu taslamany
GitTop