Dark
Light
24.01.2026
unnamed 1 THE ASHGABAT TIMES
Dental technician working with articulator in dental laboratory

Ýapon alymlary diş ösdürýän dermanyň kliniki synaglaryna başlamaga taýýarlanýar 

06.06.2024

Tazuke Kofukaý lukmançylyk ylmy-barlag institutynyň (Osaka, Ýaponiýa) Kitano hassahanasynda işlenip taýýarlanan bu derman 30-64 ýaş aralygyndaky, hiç hili azy dişi bolmadyk erkek adamlarda synagdan geçiriler.
Syçanlarda we alajagözenlerde geçirilen synaglar şowly boldy: haýwanlarda täze dişler ösüp çykdy. Teklip edilýän derman dişiň ösmegini bökdeýän belogyň işjeňligini togtadyp, täze süňküň döremegine itergi berýär.
Kliniki synaglar üstünlikli bolan ýagdaýynda derman 2030-njy ýyldan başlap täjirçilik maksatly ulanylyp bilner. Bu dogabitdi edentiýadan (dişsizlik) ejir çekýän ýa-da şikes, kesel zerarly dişini ýitiren adamlar üçin iň oňat habar bolar.
Molekulýar biolog we diş lukmany Kasu Takahaşi 2005-nji ýyldan bäri dişleri dikeltmegiň üstünde işleýär we bu bejerginiň diňe dogabitdi dişsizler üçin däl, eýsem islendik ýaşda dişini ýitiren adamlar üçin hem amatly boljakdygyna umyt baglaýar.
Şeýle hem barlagçylar dermany dişleriniň ösüşinde patologiýasy bolan iki-ýedi ýaş aralygyndaky çagalarda barlamagy meýilleşdirýärler.
Bu barlagyň şowly netije bermegi geljekde diş bejergisine çemeleşmäni üýtgedip biler.

New Аtlas portaly habar berýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

isiklandirilan efes antik kenti gece ayri bir guzel 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkiýe syýahatçylar üçün gadymy şäher-muzeýlerini gijeki ekskursiýalar üçin açýar

660a7e1fd0b78244970052 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky logistika ulgamy barha özgerýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop