Ýaponiýada Türkmenistanyň medeniýet günleri ýaýbaňlandy

17.06.2024

2024-nji ýylyň 12-14-njy iýuny aralygynda Ýaponiýada Türkmenistanyň mediniýet günleri geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlap medeni çäreleriniň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Agzalan açylyş dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi we Türkmen milli lybaslarynyň görkeziliş dabarasy geçirildi.

Bu açylyş dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriniň, jemgyýetçilik we edara guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýada ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we ýaponiýada okaýan türkmen-talyplary gatnaşdylar.

Açylyş dabaranyň resmi böleginde türkmen tarapyndan Ilçi A.Baýramow we Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G.Myradalyýew çykyş etdiler. Çykyşlarynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy ösdürmek ugrundaky alyp barýan içeri we daşary syýasaty, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylan üstünlikler, şeýle hem türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini bellap geçdiler.

Ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň Baş sekretary jenap Ş. Matsuşita we Ýaponiýanyň sanly işler boýunça ministri jenap T.Kono çykyş etdiler. Çykyşlarynda Merkezi Aziýada Türkmenistanyň möhüm ornunyň bardygy, ýapon-türkmen gatnaşyklarynyň has-da berkeýänligini we geçirilýän bu medeniýet günleriniň muňa şaýatlyk edýänini belläp geçdiler.

Şeýle hem, ýapon tarapy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinide Magtymguly Pyragy seýilgähinde meşhur ýapon ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Kawabata Ýasunariniň ýadygärlik heýkeliniň dikeldilendigi üçin minnetdarlyklaryny bildirdi. Aýratynam Ýaponiýanyň Hökümeti Türkmenistan Hökümetine 12-14-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Ýaponiýada Medeniýet günlerini geçirmek maksadynyň has hem aýratynlygyny, ýagny 14-nji iýun Kawabata Ýasunariniň doglan gününe gabat gelýändigi belläp geçdi.

Çäraniň dowamynda birnäçe duşuşuklar hem-de Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Medeniýet we ylym-bilim ugurlary boýunça tegelek stoluň başyndaky maslahat geçirildi.

Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda köpugurly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada bellediler.

2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda, ýagny ahyrky gününde, Ýaponiýanyň Tsukuba şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlap medeni çäreleriniň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Bu medeni çäre ýapon halky tarapyndan uly şatlyk – şowhun bilen kabul edildi. Geçirilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky medeniýet günleri türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň has-da berkeýänligine şaýatlyk edýänini belläp geçdiler.

loader-image
Ashgabat
9:00 pm, Sep 19, 2024
temperature icon 24°C
облачно с прояснениями
Humidity 31 %
Pressure 1017 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Ýaponiýada türkmen medeniýet hepdeligi

Next Story

Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleri amala aşyrýar

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss