u20q drawresults web 1 THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi

14.06.2024

2024-nji ýylyň 13-nji iýunynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geljek 2025-nji ýylda Hytaýda geçiriljek 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi.

Türkmenistanyň ýigrimi ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy bije çekişligiň netijesinde «I» toparça wekilçilik etdi. Türkmen futbolçylary bu toparçada Ýaponiýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň (ýer eýeleri) we Mýanmanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Toparçanyň duşuşyklary şu ýylyň 21 ― 29-njy sentýabry aralygynda Täjigistanyň Bişkek şäherinde geçiriler.

Sebit çempionatynyň final bölegi bolsa geljek ýylyň 6 ― 23-nji fewraly aralygynda Hytaýda bolar. Oňa saýlama tapgyrdaky 10 toparçanyň ýeňijisi we ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň ýokary netije görkezen bäşisi gatnaşyp biler.

«A» toparça: Wýetnam (ýer eýesi), Siriýa, Bangladeş, Butan, Guam;

«B» toparça: Özbegistan, Bahreýn, Taýwan (ýer eýesi), Kamboja, Nepal;

«C» toparça: Koreýa Respublkasy, Liwan, BAE, Kuweýt (ýer eýesi), Demirgazyk Marian adalary;

«D» toparça: Awstraliýa, Saud Arabystany (ýer eýesi), Palestina, Owganystan, Makao;

«E» toparça: Täjigistan (ýer eýesi), Oman, Malaýziýa, Şri-Lanka, KHDR;

«F» toparça: Indoneziýa (ýer eýesi), Ýemen, Timor-Leşti, Maldiwler;

«G» toparça: Eýran, Mongoliýa, Hindistan, Laos (ýer eýesi);

«H» toparça: Yrak, Taýland (ýer eýesi), Filippinler, Bruneý;

«I» toparça: Ýaponiýa, Gyrgyzystan (ýer eýesi), Mýanma, Türkmenistan;

«J» toparça: Iordaniýa, Katar (ýer eýesi), Singapur, Gonkong, Hytaý.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:39 am, Mar 27, 2025
temperature icon 7°C
переменная облачность
Humidity 71 %
Pressure 1023 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 37%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:59 am
Sunset Sunset: 7:24 pm
hgi sport THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TDIM-niň HGI-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyplary» ady bilen sport ýaryşlary dowamat dowam tapýar

humay THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Jerimeleri tölemek üçin «Galkan» mobil goşundysy hödürlenilýär

Soňkylar Habar

Türkmen mugallymlary Rumyniýa iş saparynda

25.03.2025
HYYweÖU-nyň mugallymlary Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Alba-Iulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş sapary bilen barypdyr. Saparyň möhleti 2025-nji ýylyň 24-28-nji mart aralygynda dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbeýjan stendi bilen tanyşdy

23.03.2025
Türkmenistandaky Berzeňňi şypahanasynda köpçülikleýin agaç ekmekligiň dowamynda däp bolan “Dünýä aşhanasy” bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä dürli ýurtlaryň diplomatik
GitTop