Ylmy işleriň bäsleşigi zehinli ýaşlar

13.06.2024

Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda döwlet derejesinde geçirilýän bu bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Oňa ýurdumyzyň zehinli ýaş alymlary, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de ylma höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Ylym we bilim islendik döwletiňdir jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçilikleriniň toplumlaýyn pugtalandyrylmagynyň binýady hem-de möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek esasy wezipeleriň biridir.

Ylmy işleriň bäsleşigi zehinli ýaşlary — täzeçil pikirlenip bilýän alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, ylmyň has möhüm ugurlaryndaky gözleglerini höweslendirmäge gönükdirilendir. Milli ylym ulgamynyň ýaş zehinlerini sylaglamak dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar hem bar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmegiň, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmagyň, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmagyň baş maksatlaryň biri bolup durýandygy bellenilýär. «Ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ony yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Şol bir wagtyň özünde döwrüň depginine bat goşjak ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz ýeňijileri ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen gutlap, ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleriniň, täze ylmy açyşlarynyň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Ylym jemgyýetçilik ösüşine kuwwatly itergi berýän özgerdiji güýç hökmünde Türkmenistanyň häzirki durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzyň okgunly ösüşi, esasan, ylymly, bilimli, zehinli ýaşlara we olaryň netijeli ylmy işlerine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda ýaşlar hemmetaraplaýyn goldanylyp, täze üstünliklere ruhlandyrylýar. Milli ylym ulgamy ylmy-tehniki ösüşe, iň täze tehnologiýalara, innowasiýalara daýanmak bilen, ynamly öňe barýar. Häzirki döwürde ylym ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmak, geçirilýän ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini artdyrmak, olary möhüm wezipeleriň çözgüdine, häzirki zaman ýörelgeleriniň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagyna gönükdirmek, bu ulgamy dünýä derejesinde ösdürmek türkmen alymlarynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Häzirki döwürde milli ylym ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornunyň berkidilmegi, döwür bilen aýakdaş gadam urýan, egsilmez döredijilik ukyby we ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.

Ylym ulgamynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw ýyl-ýyldan artýar, düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek, täze açyşlar etmek, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, tehnologiýalary ulanmak, geljegi uly ugurlarda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek üçin zerur şertler döredilýär. Ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Olaryň işine häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar, şol sanda internet ulgamy, elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişligine netijeli aralaşmak babatda hemme mümkinçilikler döredilýär. Ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki we ylmy-taslama merkezleri, tejribe-önümçilik barlaghanalary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan senagat-innowasion, maglumat-tehnologik barlaglar, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, hünärmenleriň ylmy açyşlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlary geljegi uly ugurlardaky ylmy gözleglere giňden çekmek meselesine yzygiderli üns bermegi bilen, her ýyl Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda hem oňa ýaş alymlaryň we talyplaryň 1670-si gatnaşdy. Olar ylmyň we tehnologiýalaryň esasy alty ugry boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, nazary gözleglerini, ylmy barlaglaryny hödürlediler. Bäsleşik «Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika»; «Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika»; «Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary»; «Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary»; «Innowasion ykdysadyýet»; «Ynsanperwer ylymlar» ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Häzirki döwürde bu ugurlarda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli bähbitleriň üpjün edilmegine, durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine ýetilmegine gönükdirilendir.

Bäsleşige möhüm ugurlar boýunça diňe bir nazary däl-de, amaly taýdan ähmiýetli bolan işläp taýýarlamalar hem hödürlenildi. Seljeriş topary tarapyndan bäsleşigiň baýrakly orunlaryna hödürlenen, ýeňşe mynasyp görlen ýaş alymlaryň 107-siniň ylmy işleri saýlanyp alyndy. Şunda olaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy.

Türkmen ylmynyň geljekki şamçyragy boljak ýaşlar — ylmy-barlag edaralarynyň ýaş wekilleri ýeňijiler diýlip yglan edildi hem-de olar şu günki uly dabaranyň esasy gahrymanlary boldular. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýaş alymlary sylaglamak dabarasy olara döwlet derejesinde berlen ýokary baha we zehininiň ykrar edilmeginiň beýany bolmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine, ylmy-barlag işlerine ýaşlaryň işjeň çekilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Çünki olaryň üstünligi döwletimiziň abraýy, halkymyzyň buýsanjydyr.

Ylmy bäsleşigiň ýeňijileri ýaş nesiller hakynda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we mähriban Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Soňra dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Dabaraly çäre ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda guralan baýramçylyk konserti bilen jemlendi.

«Türkmenistan: Altyn asyr»

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:53 am, Nov 23, 2024
temperature icon 12°C
пасмурно
Humidity 71 %
Pressure 1025 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

AWSTRALIÝA ARKALAŞYGYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

Next Story

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda

Soňkylar Habar

GitTop