Dark
Light
27.12.2025
h8cyagpmiqonychai4jng2imzbync0vnwtzyutsxuk1wu7wkxt2uajixlptf e1719487762668 THE ASHGABAT TIMES

Ylym — kämilligiň gözbaşy

27.06.2024

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, halk hojalygyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistany ösen ylmyň we iň täze tehnologiýalaryň ýurduna öwürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere bilim we terbiýe bermek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işjeň häsiýete eýe bolýar. Bedew batly ösüşler bilen öňe barýan, abraý-mertebesi belende göterilýän ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda iki basgançakly ulgama geçmek ýaly giň mümkinçilikler döredilýär.

Ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler dünýäniň ösen ýurtlarynyň bilim ulgamynda gazanylan oňyn tejribelere hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna, ylmyň iň soňky gazananlarynyň, onuň kämil tehnologiýalarynyň okuw işine işjeň ornaşdyrmagyna, şeýlelikde, ylym-bilim ulgamynda okuw işini ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň dowam etdirilmegine itergi berýär.

Goý, halkymyzy has-da bagtyýar durmuşda ýaşatmak, halal zähmet çekmek, türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine kybap bilim bermek, ylym-bilimi ösdürmek, ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin!

Akmyrat ROZYÝEW,
Türkmen Döwlet energetika institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

3070114586 361ca71a29 z THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Balyklaryň täsin dünýäsinden…

yasar guler THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň milli goranmak ministrini kabul etdi

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop

Don't Miss