Dark
Light
24.01.2026
1719205728955978860 1000 THE ASHGABAT TIMES

Ýylyň öňdebaryjy mugallymlary sylaglandy

24.06.2024

2024-nji ýylyň 22-nji iýunda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Ýylyň mugallymy» Döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýeri gelende ýatlasak, 27-28-nji maýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda «Ýylyň mugallymy» Döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirilipdi. Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmäge saldamly goşandyny goşýan, ata Watana wepaly, syýasy taýdan düşünjeli, bilim we hünär taýdan kämil, baý iş tejribesini toplan ussat mugallymlary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek hem-de iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen guraldy.

Bäsleşikde baş baýraga mynasyp bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň menejment kafedrasynyň uly mugallymy Gunça Seýilbaýewa «Ýylyň mugallymy» diýip yglan edildi we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomy bilen sylaglandy.

  • Birinji orna mynasyp bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amangül Esenmädowa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň I derejeli Diplomy bilen sylaglandy;
  • Ikinji orna mynasyp bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Fizika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Göwher Şukurowa hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Diller kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Oguljennet Jumalyýewa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň II derejeli Diplomy bilen sylaglandy;
  • Üçünji orna mynasyp bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Jumagylyç Mämmedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň uly mugallymy Jumamuhammet Abdyýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Jenaýat-hukuk dersleri kafedrasynyň uly mugallymy Döwran Karajaýew hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Tawus Atdaýewa (höweslendiriji) Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň III derejeli Diplomy bilen sylaglandy.

«Ýylyň mugallymy» Döwlet bäsleşigi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejelerini synamakda ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi.

halycylyk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadag şäherinde Çeperçilik haly kärhanasynyň taslamasy taýýarlanyldy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Daşoguzda altyn teňňeleri tapanlar sylaglandy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss