Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

16.07.2024

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Weterinariýa we zootehniýa (hünärler: atçylyk; weterinar lukmançylygy).

II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: seýisçilik; weterinar we sanitar ekspertizasy).

2. Bedenterbiýe we sport (taýýarlygyň ugry: milli at üstündäki oýunlar).

3. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugry: sirk sungaty).

4. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)).

III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

Bedenterbiýe we sport (taýýarlygyň ugry: atly sport we atly syýahatçylyk). (okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar):Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw)) deňdir.

Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Arkadag şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 – 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

—  pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada (Arkadag şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-i we 4-i günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 7-si günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 7-i we 8-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 11-i we 13-i günleri;

Balkan welaýaty— awgust aýynyň 10-y, 12-si we 13-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: atçylyk, weterinar lukmançylygy – himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: seýisçilik, weterinar we sanitar ekspertizasy – himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: atly sport we syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar – saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: sirk sungaty – saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;  

taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) – matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň salgysy:

Arkadag ş., Aba Annaýew şaýoly, 30.

tel.: 57-24-30.

Şeýle hem şu salgylardan hem okap bilersiňiz:
https://ihba.edu.tm/?side=news&post=63
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň resmi web saýty (ihba.edu.tm)

https://www.education.gov.tm/education-details/20
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýty (education.gov.tm)

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:02 pm, Sep 16, 2024
temperature icon 28°C
небольшая облачность
Humidity 21 %
Pressure 1012 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:49 am
Sunset Sunset: 7:13 pm
Öňki taryh

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

Next Story

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze depertamentler açyldy

Soňkylar Habar

Italýan owazy ýaňlandy

13.09.2024
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda italýan opera kompozitory, organist we hormeýster Jakomo Puççininiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.
GitTop

Don't Miss