Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Merkezi Aziýa döwletlerine iş sapary 29-njy iýunda başlandy. Ol soňky gezek bu sebitde 2017-nji ýylda saparda bolupdy. Iş saparynyň çäklerinde ol Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana, Täjigistana we Türkmenistana geler. Antoniu Guterrişiň bu ýurtlaryň her biriniň döwlet Baştutanlary we ýokary derejeli Hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda geçiriljek maslahatlarda howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlara, ynsanperwer meselelere we adam hukuklaryna, şeýle hem ýerli ösüş taslamalaryna üns berler. Baş sekretaryň Türkmenistana saparynyň dowamynda ýurduň eýeleýän ähmiýetli ornuny we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary barada pikir alşylar.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen BMG-niň däp bolan hyzmatdaşlygy täze ösüşe eýe boldy we özara gatnaşyklaryň bar bolan uly tejribesine daýanyp, ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň birnäçesine saýlanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň birnäçe toparlarynyň, komitetleriniň hem-de geňeşleriň agzasy bolup, olaryň çäklerinde degişli halkara işini alyp barýar. Şeýle hem, ýaňy-ýakynda, ýagny 2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanmagy hem bütin türkmen halky üçin şatlykly wakalaryň biri boldy.
Biziň ýurdumyz BMG-niň esasy edaralary hem-de ýörite düzümleri bilen işjeň gatnaşmak bilen, iş ýüzünde giň hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär we sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýar we özüniň baý döredijilikli kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasat ugry Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagyny şertlendirýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.
Gülsenem HOMMADOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy