Dark
Light
26.01.2026
yaslar ylym 780x470 bilim THE ASHGABAT TIMES

Bilim ulgamy – ýurdumyzyň berk binýady

12.07.2024

Adamzat jemgyýetiniň köp müňýyllyk taryhyna nazar aýlanyňda, ylym-bilimiň hemişe ösüşiň iň möhüm şerti bolup, ylym we bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň, özgerişleriniň özenini düzýän, islendik ýurduň, halkyň geljegini, ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyzyň geçmişdäki gazananlaryny mynasyp dowam etdirmek, häzirki döwrüň ösüşleri bilen aýakdaş gitmek maksady bilen, ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlary barha kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzda bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala getirilmegine gönükdirilendir. Ol döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýatly, kuwwatly hereketlendiriji güýji bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek esasy ugurlaryň biri hökmünde uly üns berilýär. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Bilim ulgamynyň mazmunynyň täzelenmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde hemmetaraplaýyn sowatly, täzeçillige ukyply nesli terbiýelemäge bolan ünsüň has güýçlenmegi ýokary derejede ösýän intellektual jemgyýetiň kemala gelmeginiň esasy ugry hökmünde saýlanyldy.

Bilim almak Türkmenistanyň raýatlarynyň konstitusion hukugydyr. Çünki bilim jemgyýetiň durmuş-ykdysady we medeni-ruhy taýdan kämilliginiň esasy şerti bolup, onuň üstünlikli ösüşine itergi berýär. Kanunda bilim edaralaryny esaslandyrmagyň, döretmegiň we olaryň işini ýöretmegiň düzgünleri bellenilýär. Hususan-da, döwrebap talaplara laýyklykda, bilimiň gurluşynda, mazmunynda, dolandyrylyşynda, iş ýöredilişinde täzelikler babatdaky kadalar Kanunyň rejelenen görnüşinde beýan edilendir. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşinde) eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda türkmen diliniň döwlet dili hökmünde okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidigi bellenilendir. Türkmenistanda okuw işi, ilkinji nobatda, türkmen dilinde alnyp barylýar.

Watanymyzyň geljegi baradaky alada — ynsan ömrüniň manysy. Ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň syry biziň mukaddes Watanymyza ägirt uly buýsanç duýgusyndan doly ýüregimiz bilen baglanyşyklydyr. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi dolandyrmagyň baş maksady önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, tehnologik ösüşi çaltlandyrmak, döwrebap ýollary we zawodlary, täze şäherdir obalary gurmak bilen birlikde, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Goý, bilim ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

a5d2d5996a72852b 1720522249 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleri ralli boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda üçünji orny eýelediler

foodag 2023 pakistan s 1st international food and agriculture exhibition makes way for global collab 1691963404 8018 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Pakistanda geçiriljek «FoodAG 2024» sergisine türkmen telekeçileri çagyrylýar

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop