635208e8380d296de6617650cefd6d50 THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana geldi

06.07.2024

2024-nji ýylyň 5-nji iýul gününiň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, belent mertebeli myhmany Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.

Aşgabat Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ikiçäk duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak meseleleri babatda pikir alşyldy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Aşgabat Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň paýtagt şäherindäki kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasyna bardylar.

Baş sekretar Antoniu Guterriş mundan öň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda saparda boldy. Ol Gazagystanda ŞHG-niň Astana sammitine hem gatnaşdy.

Belläp geçsek, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş mundan ozal 2017-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolupdy.

loader-image
Ashgabat
1:45 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 18 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
us independence 2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

sanhay THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss