60efb143af1bc396858382 e1720369461925 THE ASHGABAT TIMES

Fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamy «Halkbank» PTB tarapyndan ulanyşa giriziler

07.07.2024

2024-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ulanmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda karzlaşdyrmakda «onlaýn» ýüztutmalar arkaly berilýän karzlaryň möçberlerini artdyrmak we «onlaýn» karzlaşdyrma amallaryny kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmek wezipesi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan öz müşderileri bolan fiziki şahslar üçin işlenip taýýarlanylan «Sanly karz» ulgamynyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary barada habar berdi. Hyzmatlaryň bu görnüşi Internet ulgamy arkaly müşderilere aralykdan hyzmat edilmegini, şol sanda banklar tarapyndan raýatlar üçin karzlaryň resmileşdirilmeginde sanly ulgamyň kömegi bilen ýeňillikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga yzygiderli üns berilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutany «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:44 pm, Mar 26, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 87 %
Pressure 1025 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:00 am
Sunset Sunset: 7:23 pm
img 0193 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Yraga ýylda 10 milliard kub metre çenli gaz iberiler

9c06c6e1d96d9f60cf27af667d7648b2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Lebapbalyk» hojalyk jemgyýeti 300 tonna golaý balyk tutdy

Soňkylar Habar

Türkmen mugallymlary Rumyniýa iş saparynda

25.03.2025
HYYweÖU-nyň mugallymlary Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Alba-Iulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş sapary bilen barypdyr. Saparyň möhleti 2025-nji ýylyň 24-28-nji mart aralygynda dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbeýjan stendi bilen tanyşdy

23.03.2025
Türkmenistandaky Berzeňňi şypahanasynda köpçülikleýin agaç ekmekligiň dowamynda däp bolan “Dünýä aşhanasy” bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä dürli ýurtlaryň diplomatik
GitTop