«Lebapbalyk» hojalyk jemgyýeti 300 tonna golaý balyk tutdy

07.07.2024

«Lebapbalyk» hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň «Düýeboýun» we Kerki etrabynyň “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” suw howdanlarynda balyk tutmak işini alyp barýar.

«Jeyhun.news» web-saýtynyň habar berşi ýaly, hojalyk jemgyýetinde 165 sany balykçy işleýär. Olar şu ýylyň başyndan bäri 950 müň manada golaý 300 tonnadan gowrak balyk tutdular. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydyr.

Bellenilişi ýaly, tutulan balyklar alyjylara üznüksiz iberilýär. Hojalyk jemgyýetiniň işinde Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Russiýanyň önümçiliginiň häzirki zaman gaýyklary we beýleki enjamlary ulanylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:05 am, Sep 19, 2024
temperature icon 19°C
ясно
Humidity 33 %
Pressure 1018 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 1 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamy «Halkbank» PTB tarapyndan ulanyşa giriziler

Next Story

MAGTYMGULY, SÖZLE HERNE BILENIŇ

Soňkylar Habar

GitTop