Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

15.07.2024

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
1.Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
2.Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika; astronomiýa).
3.Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
4.Himiýa (hünär: himiýa).
5.Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).
6.Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
7.Taryh we arheologiýa (hünär: arheologiýa).
8.Filosofiýa, etika we dini öwreniş (hünär: filosofiýa).
9.Ylahyýet (hünär: ylahyýet).
10.Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).
11.Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
12.Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
1.Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
2.Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).
3.Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
4.Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
5.Himiýa (hünär: himiýa).
6.Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
7.Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
8.Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty).
9.Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Sosiologiýa we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
1.Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary); pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 – 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i – awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 9-y we 10-y günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 11-12-si, 13-i we 14-i günleri;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: fizika; astronomiýa; radiofizika we elektronika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: geografiýa; ekologiýa — geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: kartografiýa; meteorologiýa; taýýarlygyň ugry: pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary) — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: psihologiýa; — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet; taýýarlygyň ugry: durmuş işi — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
hünärler: türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
hünärler: iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: italýan dili we edebiýaty — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: rus dili we edebiýaty — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: hukuk öwreniş — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:
— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan
2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar (mugallymçylyk ugurly hünärlere girilen halatynda);
hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda
2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar;
— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.

Şeýle hem şu salgylardan hem okap bilersiňiz:
https://www.tdu.edu.tm/?/H%C3%BCn%C3%A4rmen%20we%20bakalawr%20maksatnamasy/&page=49&in=108
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi web saýty (tdu.edu.tm)

https://www.education.gov.tm/education-details/38
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýty (education.gov.tm)

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:13 pm, Nov 9, 2024
temperature icon 13°C
переменная облачность
Humidity 45 %
Pressure 1030 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 13 mph
Clouds Clouds: 46%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:40 am
Sunset Sunset: 5:59 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy okuwa kabul edýär

Next Story

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

08.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi

Nusgalyk şäher

04.11.2024
Aziýanyň merjeni bolan “Arkadag” şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda Arkadag şäheriniň giňemeginde gurluşyk meýdançalaryň geriminiň giňemegi halkymyzyň dünýä

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

02.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

01.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
GitTop

Don't Miss