I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: pediatriýa; stomatologiýa).
2. Saglyk baradaky ylymlar we keselleriň öňüni alyş lukmançylygy (hünärler: saglygy goraýyş-öňüni alyş işi; dikeldiş we sport lukmançylygy).
3. Harby lukmançylyk (hünär: bejeriş-öňüni alyş işi).
II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Kliniki lukmançylyk (hünär: bejeriş işi).
2. Farmasiýa (hünär: farmasiýa).
Uniwersitete umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary, harby lukmançylyk ugruna – çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
– bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
– bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
– bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
– soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
– 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
– okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da:
– ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soňra Türkmenistanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razylygy baradaky dil hatyny;
– Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden berlen güwänamany;
– Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narko-
logiýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.
Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şertleri baradaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
– pasportyny;
– harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat we Arkadag şäherleri – iýul aýynyň 31-i – awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 2-si we 3-i günleri;
Lebap welaýaty – awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;
Mary welaýaty – awgust aýynyň 8-9-y, 10-y we 11-i günleri;
Balkan welaýaty – awgust aýynyň 12-si, 13-i we 14-i günleri;
Daşoguz welaýaty – awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;
Ahal welaýaty – awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçbernamalary: 100 m, 3 km ylgamak; turnikde göwräňi çekmek) ýerine ýetirýärler.
Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:
– lukmançylyk orta okuw mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;
– «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58; tel.: 92-71-09.
Şeýle hem şu salgylardan hem okap bilersiňiz:
https://www.tdlu.edu.tm/menu/entrant-2021
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti (tdlu.edu.tm)
https://www.education.gov.tm/education-details/30
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýty (education.gov.tm)