Dark
Light
03.01.2026
3da10b0aca41e4b4aff1340b5352d00a THE ASHGABAT TIMES

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna täze rektor bellenildi

12.07.2024

2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Gülşat Geldiýewna Ýusupowa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol bu institutyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berişimiz ýaly, mundan ozal bu ýokary okuw mekdebiniň rektory wezipesini ýerine ýetiren Jumamyrat Şamyradowiç Gurbangeldiýew Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellenildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

feb92f8954808848b9bca48530501da0 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory bellenildi

7b7e11546f6448811ce10875f6256631 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop