I.Bakalawr maksatnamasy:
Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: halkara maliýe; maliýe we karz; salgytlar we salgyt salmak; bank işi we pul dolanyşygy; töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi; birža işi; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; maliýe; maliýe gözegçiligi; maliýe menejmenti; işewürlik-informatika; maliýe bazarlary we banklar).
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31 – awgust aýynyň 1-i, 4-i we 6-sy günleri;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 11-i we 12-si günleri;
Balkan welaýaty— awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 13-14-i, 16-sy we 17-si günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri.
Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
II. Magistr maksatnamasy (tölegli esasda):
Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: telekeçilik we maliýe).
Instituta taýýarlygyň telekeçilik we maliýe ugruna ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 – 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
– bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
– bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
– ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
– soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
– 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
– pasportyny;
– harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 18-19-njy awgustynda geçirilýär.
Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:
taýýarlygyň ugry: telekeçilik we maliýe — ykdysady nazaryýet, maliýe.
Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., (1987) Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112.
tel.: 49-61-99, 49-07-92.
Şeýle hem şu salgylardan hem okap bilersiňiz:
http://tdmai.edu.tm/?/Dala%C5%9Fg%C3%A4rlere/Bakalawr%20maksatnamasy/&p=1&i=219&page=ss&in=77
Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi web saýty (tdmai.edu.tm)
https://www.education.gov.tm/education-details/31
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýty (education.gov.tm)