Türkmen döwlet medeniýet instituty 2024-2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär

16.07.2024

I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); drama režissurasy; horeografiýa sungaty (folklor toparyny döretmek we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (milli tans toparyny döretmek we dolandyrmak; dramaturgiýa).

II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (telewideniýe režissurasy); telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak); telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); kitaphana işi; kitaphana-maglumat işleri; telewideniýe žurnalistikasy).

2. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar (taýýarlygyň ugurlary: muzeýi öweniş hem-de medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; medeniýeti öwreniş; durmuş-medeni işler (çeper höwesjeňleriň aýdym-saz toparyny döretmek we dolandyrmak); art-menejment).

3. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (taýýarlygyň ugry: dikeldişleri).

4. Ekran sungatlary (taýýarlygyň ugurlary: ses režissurasy; yşyklandyryş  tehnologiýalary).

5. Taryh we arheologiýa (taýýarlygyň ugurlary: arheologiýa; resminama we arhiw öwreniş).

6. Serwis we syýahatçylyk (taýýarlygyň ugurlary: myhmanhana işi; syýahatçylyk).

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); drama režissurasy; dramaturgiýa — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (telewideniýe režissurasy); telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak); telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); telewideniýe žurnalistikasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: horeografiýa sungaty (folklor toparyny döretmek we dolandyrmak; horeografiýa sungaty (milli tans toparyny döretmek we dolandyrmak), durmuş-medeni işler (çeper höwesjeňleriň aýdym-saz toparyny döretmek we dolandyrmak) — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: ses režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (akustika, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: yşyklandyr tehnologiýalary — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: medeniýeti öwreniş; dikeldiş işleri; arheologiýa; muzeýi öwreniş hem-de medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; resminama we arhiw öwreniş; kitaphana işi; kitaphana-maglumat işleri; myhmanhana işi; syýahatçylyk; art-menejment — jemgyýeti öwreniş, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

III. Magistr maksatnamasy (tölegli esasda): 

1. «Medeniýeti öwreniş».

Instituta magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilýär.

Söhbetdeşlik ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda medeniýeti öwreniş dersi boýunça döwlet dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114.
tel.: 48-28-60.

Şeýle hem şu salgylardan hem okap bilersiňiz:
https://tdmi.edu.tm/?/DALA%C5%9EG%C3%84RLER/&page=47&/
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň resmi web saýty (tdmi.edu.tm)

https://www.education.gov.tm/education-details/25
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýty (education.gov.tm)

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:14 am, Nov 22, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 76 %
Pressure 1020 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 7%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmen döwlet maliýe instituty 2024-2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

Next Story

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss