Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar

06.07.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda biziň ýurdumyz ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi.

«Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ŞHG bilen hyzmatdaşlyk biziň milli bähbitlerimize laýyk gelýär, sebit prosesleriniň barşyna we ugruna oňyn täsir etmäge, halkara ýagdaýyny durnuklaşdyrmaga goşant goşmaga ukyplydyr.

«Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar we dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Makala ilki «TDH» saýtynda 2024-nji ýylyň 4-nji iýulda çap edildi.

loader-image
Ashgabat
8:45 pm, Sep 19, 2024
temperature icon 24°C
облачно с прояснениями
Humidity 31 %
Pressure 1017 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana geldi

Next Story

Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Yraga ýylda 10 milliard kub metre çenli gaz iberiler

Soňkylar Syýasat

GitTop

Don't Miss