Dark
Light
27.12.2025
75cdy4brkxbkfxi1fkbirnbb1fpkii 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze depertamentler açyldy

16.07.2024

2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň daşary syýasy işiniň jemlerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa ýurduň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty 15-nji iýulda habar berdi.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarlarynyň we Türkmenistanyň DIM-niň birnäçe departamentleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem, mejlisiň gün tertibine ýylyň ikinji ýarymynda amala aşyrylmaly işler kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 11-nji iýulynda gol çeken Karary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi edarasynyň düzümine üýtgeşmeleriň girizilenligi, ýagny täze departamentleriň – Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň hem-de Konsullyk gullugy departamentiniň döredilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisinde konsullyk we daşary syýasy habarlar işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk teklipleri taýýarlamak bilen bagly tabşyryklar berildi.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

t7fbe4krwdpeu2m7 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TM KÜŞT AKADEMIÝASY

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop

Don't Miss