Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

16.07.2024

I. Hünärmen maksatnamasy:

1. Elektrik we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektroenergetiki ulgamlar we torlar; ýylylyk elektrik stansiýalary; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem­de awtomatikasy; elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçiligi; gazturbina desgalary we dwigatelleri; adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy; ýylylyk elektrik stansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tehnologiýasy).

2. Maşyngurluşyk (hünärler: metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary; elektrik we elektromehaniki enjamlaryň tehniki taýdan ulanylyşy, hyzmat edilişi we abatlanylyşy).

3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar).

4. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).

II. Bakalawr maksatnamasy:

1. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl –  dil taýýarlygy, 4 ýyl – bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.

2. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygy).

3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary).

4. Elektrik we ýylylyk energetikasy (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika).

5. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat­ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy, programma inženerçiligi).

6. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry:  tehnologiki maşynlar we enjamlar).

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary:  energetika pudagynyň kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (energetika pudagynda).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda) 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 15–28-i aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

– bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

– bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

– bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

– soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

– 3×4 sm ölçegdäki 8 (sekiz) sany fotosurat;

– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

– okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

– pasportyny;

– harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Mary şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i – awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 5-i we 6-sy günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (okuwlar iňlis dilinde alnyp  barlar) – matematika, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy;

beýleki hünärler we taýýarlygyň ugurlary – fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän dersden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy:

Mary welaýaty, Mary ş., Baýramhan köçesi, 62, tel.: 5­75­17, 5­75­02.

Şeýle hem şu salgylardan hem okap bilersiňiz:
Türkmen döwlet energetika institutynyň resmi web saýty (tdei.edu.tm)

https://www.education.gov.tm/education-details/122
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýty (education.gov.tm)

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:56 pm, Sep 16, 2024
temperature icon 28°C
небольшая облачность
Humidity 21 %
Pressure 1012 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:49 am
Sunset Sunset: 7:13 pm
Öňki taryh

Türkmen döwlet medeniýet instituty 2024-2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär

Next Story

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

Soňkylar Habar

Italýan owazy ýaňlandy

13.09.2024
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda italýan opera kompozitory, organist we hormeýster Jakomo Puççininiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.
GitTop

Don't Miss