Dark
Light
26.01.2026
12072024 001 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

12.07.2024

2024-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýasin Ekrem Serimyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada HHM 12-nji iýulda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmelerini geçirmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek nukdaýnazaryndan gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselesi boýunça pikir alyşyldy.

Bulardan başgada, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

snimok THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mary welaýatynyň gallaçylary 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny aldylar

e714ab650403d822916fbd274366c856 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine täze wise-premýer bellenildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss