Dark
Light
24.01.2026
us independence 2024 THE ASHGABAT TIMES
Her ýyl geçirilýän Dördünji iýul paradynda Massaçusets ştatynyň Barnstable obasynyň üsti bilen Keýp Kodda Amerikan baýdaklaryny göterip barýan oglan, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly (Surat: voanews.com).

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

05.07.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet Habarlar agentligi 4-nji iýulda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara hormat goýmak, düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jozef Baýdene berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.

07032024 usembassy press release acth 6 10 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

AFCENT SAPARY ABŞ-TÜRKMEN MEDENI GATNAŞYKLARYNY PUGTALANDYRÝAR

635208e8380d296de6617650cefd6d50 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana geldi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss