(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly)
Hormatly Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş sekretary
jenap Antoniu Guterriş!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!
Ilki bilen, size «Türkmenistanda hoş gördük!» diýip ýüzlenýärin. Siziň saparyňyza Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gatnaşyklarymyzda täze tapgyr hökmünde garaýarys.
Hormatly jenap Baş sekretar!
Şu günki duşuşyk Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň toplumlaýyn strategik dialogynyň dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň esasy kesgitleýji häsiýeti bu guramanyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýändiginden ybaratdyr. Bu maksatlar bolsa parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gazanmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge çalyşmakda öz beýanyny tapýar. Dünýä syýasatynda ykrar edilen halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen kadalary tassyklamagy öz içine alýar.
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoludyr. Munuň özi Bitarap döwlet hökmünde biziň dünýä bileleşiginiň öňündäki borçnamalarymyzdan, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly ýollar bilen çözmegi öňe sürýändigimizden gelip çykýar. Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňden ýola goýdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda guramanyň dürli edaralary işleýär. Olar BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirligidir. Sebitiň ähli döwletleriniň goldamagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çözgüdi bilen 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda bu guramanyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Şeýle hem ýurdumyzda BMG-niň ulgamyna girýän düzüm hökmünde Bütindünýä bankynyň we Halkara Migrasiýa Guramasynyň wekilhanalary işleýär. Olaryň ählisi biziň Hökümetimiz bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de Türkmenistany ösdürmäge uly goşant goşýar. Pursatdan peýdalanyp, men Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän işgärlerine hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Hormatly jenap Baş sekretar!
Biziň strategik dialogymyzyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdanymyzda, ählumumy howpsuzlyga; sebit ýagdaýlaryna; durnukly ösüşe; ynsanperwer meselelere üns bermeli diýip hasap edýärin. Häzirki şertlerde dartgynly ýagdaýlaryň öňüni almaga we dialog üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülmegi zerurdyr. Bu ugurda gatnaşyklaryň yzygiderli usullaryny ýola goýmak möhümdir. Şeýle gatnaşygyň esasyny halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary düzmelidir.
Türkmenistan jogapkär döwlet hökmünde geçen ýylyň sentýabrynda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi. Biziň döwletimiz öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmagy, gapma-garşylykly ýagdaýlary duýdurmagy we olara ýol bermezligi bu resminamanyň esasy düzgünleriniň biri hökmünde görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ähli gyzyklanýan döwletler, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň degişli bölümleri, edaralary we institutlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.
Biz sebit ugry boýunça hyzmatdaşlykda hem uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Häzirki döwürde Merkezi Aziýa dünýä geosyýasatynyň we energetikasynyň has ähmiýetli merkezine, ulag çatrygyna öwrülýär. Türkmenistan sebitde pugta parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin öz wezipelerini aýdyň görýär. Merkezi Aziýada döwletara hyzmatdaşlygyň dürli gurallary ýola goýuldy. Şolaryň esasylarynyň biri hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birnäçe ýyl mundan ozal döredilen konsultatiw duşuşyklary bolup durýar.
Sebit howpsuzlygy nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berýär. Owganystan biziň iň ýakyn goňşymyz, doganlyk ýurdumyzdyr. Döwletimiz Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirer, owgan halkyna geljekde-de ynsanperwerlik kömegini berer.
Biziň ýurdumyzyň öňe süren Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň we beýleki ençeme iri halkara energetika, ulag taslamalarynyň Owganystanda ykdysady, durmuş ýagdaýyny düýpli gowulandyrjakdygyna ynanýaryn. Biz geljekde hem bu taslamalaryň üstünde işlemegi dowam etdireris. Biz Owganystan meselesinde merkezi utgaşdyryjy orun Birleşen Milletler Guramasyna degişli bolmalydyr diýip hasap edýäris. Bu işde Türkmenistan gurama ähli zerur kömegi bermäge taýýardyr.
Hormatly jenap Baş sekretar!
Durnukly ösüş Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde möhüm we ileri tutulýan meseledir. Biziň ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan milli ugurlaryny gazanmak boýunça yzygiderli iş alyp barýar. Bu bolsa “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynda” beýan edildi. Şu ýylyň maýynda «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň täzelenen düzüminiň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisde “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” işläp taýýarlamak boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi.
Türkmenistanyň «Gün tertibi — 2030-a» milli derejede hem, halkara tagallalar babatda hem işjeň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly jenap Baş sekretar, çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň Ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda Türkmenistanyň teklibine siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz bu başlangyjy şu ýylyň fewralynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürdi. Bu maksatnamany durmuşa geçirmekde biz Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna bil baglaýarys.
Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek hem ileri tutulýan meseledir. Ol anyk çözgütleri talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça ministrler derejesindäki maslahaty çagyrmagy teklip edýär. Maslahata halkara maliýe institutlary bolan Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy we beýleki edaralar çekilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýarys.
Biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselelerinde hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berýär. 2016-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulan döwletimiz ählumumy howa gün tertibini durmuşa geçirmäge doly derejede gatnaşmaga girişdi. Merkezi Aziýada howa meselesi boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň aýratyn üns bermegi kanunalaýykdyr. Biziň ýurdumyz anyk ädim hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde ýöriteleşdirilen düzümi, ýagny Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegiň üstünde işleýär. Eýýäm bu ugurda käbir işler ýerine ýetirildi. Biz ýakyn wagtda ylalaşyk gazanmak hem-de Türkmenistanda bu merkezi döretmegiň guramaçylyk meselelerine başlamak üçin BMG-niň degişli düzümleriniň ýardam bermegine bil baglaýarys.
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýada suw hem-de Aral deňzini halas etmek meselesini aýratyn tapawutlandyrýaryn. Türkmenistan bu meselede, ilkinji nobatda, üç ýagdaýa eýermegiň zerurdygyndan ugur alýar. Anyk aýdylanda, ähli meseleler:
— halkara hukugyň kadalary esasynda;
— sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini berjaý etmek bilen;
— Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň gatnaşmagynda seredilmelidir hem-de çözülmelidir.
Aral meselesi boýunça Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlady. Bu resminama resmi taýdan Merkezi Aziýa ýurtlaryna iberildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy 2023-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek bilen bagly Kararnamany kabul etdi. Biz bu maksatnama köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek üçin hem-de içerki suw howdanlary boýunça ýurtlaryň geljekdäki başlangyçlaryna esas bolar diýip hasap edýäris.
Ulag we energetika biziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygymyzyň strategik ugurlarydyr. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ulag meselesi boýunça Baş Assambleýanyň 8 sany Kararnamasy, energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hem 3 Kararnamasy kabul edildi. BMG-niň howandarlygynda 2016-njy ýylda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi. Biziň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada hem täze, möhüm başlangyçlarymyz bar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlarynyň ýene biri Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyny durmuşa geçirmekdir, şeýle hem bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde, ençeme beýleki ugurlarda BMG-niň jogapkär edaralary we guramalary bilen ynsanperwer hyzmatdaşlykdyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ynsanperwer ugurly birnäçe iri halkara forumlar geçirildi. Şolaryň netijeleri milli derejede möhüm çözgütleri kabul etmek üçin esas boldy. Mysal üçin, soňky ýyllarda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 30 müňe golaýy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. 2024-nji ýylda Türkmenistanda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebit maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi.
Hormatly jenap Baş sekretar!
Pursatdan peýdalanyp, men raýatlyk meselelerini çözmekde siziň uly şahsy goşant goşýandygyňyzy bellemek isleýärin. Munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris.
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmiti gowulandyrmak hem möhüm meseleleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýokary derejede halkara azyk forumyny çagyrmagy teklip edýär. Biziň bu başlangyjymyzy goldajakdygyňyza ynanýarys.
Hormatly jenap Baş sekretar!
Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogy ösdürmäge we giňeltmäge berk eýerýändigini hem-de taýýardygyny tassyklamak isleýärin. Biziň ýurdumyza berýän goldawyňyz üçin size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Siziň Türkmenistana saparyňyzyň möhüm waka öwrüljekdigine ynanýaryn.