Türkmenistanyň üsti bilen Eýran Hytaýa ýük otlusyny iberdi

23.07.2024

2024-nji ýylyň 21-nji iýulynda Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ýollady. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar Portaly 22-nji iýulda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýyň demirgazyk-günbataryna çenli uzajak 10 297 kilometrlik ugur iki hepdeläp dowam eder, bu bolsa ýüküň deňiz boýunça ugradymagyndan iki esse çaltdyr.

Otly Tähran prowinsiýasyndaky Eslamşehr şäherinde ýerleşýän Eýranyň iň uly gury porty bolan Aprindäki ammardan ýola düşüp, Türkmenistan bilen serhetdäki Inçeburun stansiýasyna tarap ugur aldy. Ol onlarça konteýner alyp barýar we Hytaýyň Iu şäherindäki soňky nokadyna ýetmezden ozal, Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystanyň Altynkol stansiýasyna barar.

Eýranyň «Press TV» agentligi tarapyndan berlen habarda ýurduň Söwda we demir ýol amallary boýunça wise-prezidenti Morteza Jafariniň ýekşenbe güni guralan yzygiderli aragatnaşyk ulgamynyň açylyş dabarasynda otlularyň hepdede bir gezek iki tarapa gatnajakdygyny, soň bolsa onuň ýygylygynyň üstüniň günde ýene bir otly bilen ýetiriljekdigini aýdandygy beýan edilýär.

Orta geçelge hökmünde meşhurlyk gazanan bu ugur birnäçe ýurtlaryň üns merkezinden ornuny tapdy.

Golaýda Russiýa, Gazagystan, Türkmenistan hem-de Eýran 2024-2025-nji ýyllar üçin «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugrunyň mümkinçiliklerini sinhron ösdürmek boýunça ýol kartasyna gol çekdiler.

loader-image
Ashgabat
6:57 pm, Sep 16, 2024
temperature icon 28°C
небольшая облачность
Humidity 21 %
Pressure 1012 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:49 am
Sunset Sunset: 7:13 pm
Öňki taryh

Atabayev Maksat VS Nigel Short

Next Story

Täjigistan we Türkmenistan Ýewropa uzaýan multimodal geçelgäni ösdürýär

Soňkylar Dünýä habarlary

Hytaýda täze taslamaly otly synagdan geçirildi

09.08.2024
Hytaýda täze ýokary tizlikli magnit yşykly otly synagdan geçirildi diýip, Sinhua agentligi habar berýär. Synaglar ýurduň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Datong şäherinde geçirildi, bu taslamany
GitTop

Don't Miss