Dark
Light
24.01.2026
19032024 004 THE ASHGABAT TIMES

YHLASA MYRAT

26.08.2024

Ýürek buýsanjymy ýazmak bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä Dilleri Institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň nemes dili boýunça 1-nji ýyl talyby bolmak meniň üçin aýratyn togunma. Bu mertebeli ýokary okuw jaýyna kabul edilmegim, şahsy üstünligim bilen birlikde, Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşinde goşant goşmaga bolan islegimiň ýüze çykmasydyr.

Ilkinji nobatda, bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýärin. Olaryň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi, ýaş nesilleriň bilimli, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Meniň nemes dilini we edebiýatyny çuňňur öwrenmek islegim, ýurdumyzyň dünýä derejesinde öňdebaryjy orny eýelemegine öz goşandymy goşmak niýetimdendir. Bu fakultetde aljak bilimim, diňe bir özüm üçin däl, eýsem, mukaddes Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmakda möhüm orny eýelejekdigine ynanýaryn.

Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz hormatym we minnetdarlygym bilen, men bu okuw ýyllarynda ähli bilimimi we ukybymy ulanarak, ýurdumyza peýdaly bolmaga çalyşjakdygymy belläsim gelýär.

Eziz talyp ýoldaşlar, biz bagtyýar döwrüň bagtyýar nesilleri. Geljekde biziň edýän işlerimiziň we gazanjak üstünliklerimiziň, hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bize bolan ynamyny ödemek bilen birlikde, eziz Watanymyzyň ösüşine uly goşant boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn.

Talyplyk ýyllaryňyzyň üstünlikli we şatlykly geçmegini, her birimiziň arzuwlarymyzyň hasyl bolmagyny dileg edýärin!

Güljemal MÄMMEDOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

19032024 004 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ARZUWLARYM HASYL BOLDY

19032024 004 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Buýsançly duýgular

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss