Dark
Light
27.12.2025
19032024 004 THE ASHGABAT TIMES

ARZUWLARYM HASYL BOLDY

26.08.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä Dilleri Institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň italýan dili boýunça 1-nji ýyl talyby bolanyma tüýs ýürekden buýsanýaryn. Bu ýokary okuw jaýynda talyp bolmak, diňe bir şahsy üstünligim däl, eýsem, mukaddes Watanymyza bolan söýgimi we buýsanjymy görkezýän aýratyn pursatdyr.

Meniň bu ýokary bilim ulgamyna kabul edilmegimde, ilki bilen, ata Watanymyzyň röwşen geljegini gurmakda uly tagallalar eden, bilime uly ähmiýet berip, bize ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Olaryň alyp barýan paýhasly syýasaty, biziň öňümizde açylan giň mümkinçilikler we berlen uly goldaw, meniň maksadymyza tarap ynamly ädimler bilen ilerlemäge itergi berýär.

Italiýan dilini we edebiýatyny çuňňur öwrenip, geljekde Watanymyza uly goşant goşmak isleýärin. Bu fakultetde aljak bilimim, diňe bir özüm üçin däl, eýsem, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde möhüm orny eýelejekdigine ynanýaryn.

Ýurdumyza şeýle giň mümkinçilikleri döredip beren hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza uly hormatym we minnetdarlygym bilen, bu okuw ýyllarynda ähli bilim ukyplarymy ulanyp, Watanymyza hyzmat etmäge çalyşjakdygymy belläsim gelýär.

Eziz talyp ýoldaşlar, biz bagtly döwrüň bagtyýar talyplary. Geljekde biziň edýän işlerimiziň we gazanjak üstünliklerimiziň eziz Watanymyzyň şöhratyny belende göterjekdigine ynanýaryn.

Gadyrdan talyp deň-duşlarym, bize bagtly talyplyk ýyllary, üstünlige beslenen geljek, hem-de ähli arzuwlarymyzyň hasyl bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Ogulmeňli ATAÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

19032024 004 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Egsilmez Buýsanç

19032024 004 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

YHLASA MYRAT

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop

Don't Miss