Dark
Light
27.12.2025
45 1 THE ASHGABAT TIMES
Surat: iogu.edu.tm

Halkara nebit we gaz uniwersiteti Malaýziýada önümçilik tejribeligini geçýärler

22.08.2024

2024-nji ýylyň 19 — 30-njy awgusty aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetinde iki hepdelik önümçilik tejribeligini geçýärler. Şeýle hem uniwersitetiň mugallymlarynyň üçüsi 19 — 23-nji awgusty aralygynda bir hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmek üçin Petronas Tehnologik uniwersitetinde bolýarlar. Bu barada Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň resmi saýtynda 19-njy awgustda habar berildi.

Uniwersitetiň mugallymlary Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen duşuşdylar. Şeýle hem, mugallymlar bu ýokary okuw mekdebinde okuw-usulyýet işleriniň guralyşy, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň düzülişi, ýerine ýetirilişi, ylmy-barlag işleriň alnyp barlyşy, ylmy-barlag işleri geçirilýän tejribehanalar we talyplaryň ylmy-barlag işlerine çekilişi hem-de sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy bilen giňden tanyşýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda giňden hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlar boýunça okuwlar yzygiderli guralýar.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň iýun-iýul aýlary aralygynda uniwersitetiň talyplary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň önümçilik desgalarynda tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler diýlip, habarda bellenilýär.

hq720 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Jeren Halnazarowa & MAD Nazarov – My love

151 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

AMALIA – Yalançy

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop

Don't Miss