Hazar – Zemin hazynasy

21.08.2024

Döwletli diýarymyzda tebigata berilýän üns öňküsinden hem ýokarlandy. Ýurdumyzda geçýän Halkara maslahatlardyr, konferensiýalar öz işini tebigy baýlyklarymyzy aýawli saklamakda hem-de şol baýlyklara eýelik etmekde edilýän işler bilen , şeýle-de ekologiýa meselesinde durnukly işleri alyp barmak bilen utgaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alyp, her bir raýatyň daşky gurşawy gorap saklamakda hem-de tebigy baýlyklarymza ideg etmekde ýöredilýän ýol ýörelgeler bu gün dünýä ýaň salýan ekologiýa hem-de hazynasy baý bolan Hazar deňziniň hem iň wajyp meseleleriniň biridir.

Türkmen diýary ösüşlerden ösüşlere tarap ýokary göterilýär. Her bir pudakda bolşy ýaly türkmen diýarynyň ähli pudakalry hem bu günki gün ösýär, özgerýär. Sanly ykdysadyýetiň netijesinde öz gymmatyny artdyrýar. Sanly ykdysadyýet adalgasy häzirki wagtda syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän konferensiýalaryň hem-de ýokary derejeli işleriň gollanylmagy bolsa, bu ugurda edilýän işlerde iň ajaýyp üstünlikleri ýola goýýar. Bu ugruň ösmegi üçin döwlet-jemgyýet-ylym-işewürlik gatnaşyklarynda düýpli özgerişleriň amala aşyrylmagy hem zerur şertleriň biridir.

Çöl­lük ýer­ler­de sa­zak, dag­lyk ýer­ler­de ar­ça, der­ýa inkär edip bilmejek syrlaryň üsti açyldy.Türk­men hal­kyn­da örän ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri gö­zel­lik çaý­ýan türk­men te­bi­ga­ty Ze­mi­niň hem on­da­ky ýa­şaý­şyň ni­çik­si owa­dan­dy­gy­ny, nu­ra­na­dy­gy­ny dün­ýä ýaý­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, türk­men top­ra­gy­nyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li ula­nyp, eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len  wezipämize girýändir. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn sport maksatly hem- de sagdyn durmuş şertlerini saglaýan ajaýyp işleriň edilmegi, gurluşyklaryň gurulmagy häzirki günümizde öňde goýulýan wezipeleriň biridir.

Açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak barada häkime degişli görkezmeleri berdi. Sebitlerde gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän Hazar deňzi  baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, şeýle hem Gruziýanyň we Rumyniýanyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Halkara guramalaryndan BMG-iň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Hökümetara ummanlary toparynyň gatnaşmagynda ýokary baha bilen Hazar gününiň bellenilmegi hem tebigata bolan sarpamyzyň nyşany hökmünde dünýä ýaň salýar.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunda ekologiýa kadalarynyň berjaý edilişi we öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada çykyşlarda agzalyp geçildi.

Bu günki günler ýurdumyzda ähli ugurlar bilen öňdebaryjylykly zähmet çekilmegi bolsa, halkymyzyň öňe barýan ýolunda Garaşsyzlygyň şuglasynyň barydgyny, Türkmenistanda her bir işiň halk bähbitli düýbüniň tutulýandygyny subut edýär.  Şeýlelikde bu işler bilen bir hatarda halkara arenalaryna çykmak, ýurdumyzyň durmuş- ykdysady üpjünçiligini ýola goýmak ählihalk baglanşygy bilen halkara gatnaşykalrynyň üstünlikli taraplaryny hem saýlamak bu günki gün wajyp meseleleriň biridir. Elbetde her bir döwlet özüniň ýokary netijesini öz alyp barýan syýasaty bilen bilelikde öňe çykarýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadgly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işler bolsa, munuň şeýledigini subut edýär.

Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin ýurtlarymyzyň ykdysady we serişde kuwwatynyň peýdalanylmagy, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagy, tehnologik ösüş, giň medeni gatnaşyklar üçin şertleriň döredilmegi ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Türk­men hal­ky daş­ky gur­şa­wa, te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­le­şip, ony gö­zü­niň gö­re­ji dek go­rap gel­ýär. Ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Gö­zel te­bi­ga­ty­my­zyň baý­lyk­la­ry­ny türk­men hal­ky­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň gel­jek­de has-da gül­läp ös­me­gi üçin ýer­lik­li peý­da­lan­mak, sa­ha­wat­ly top­ra­gy­my­zyň be­re­ke­di­ni has-da art­dyr­mak ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan esa­sy iş­le­riň bi­ri­dir.

Dünýäde ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak üçin edilýän işler umumyadamzat bähbitlidir. 2023-nji ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli birnäçe halkara çäreleri, şol sanda halkara maslahatlar geçirildi. Hut şu güni, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda Azerbaýjan respublikasyň, Eýran Yslam respublikasyň, Gazagystan respublikasyň, Russiýa Federasiýasyň we beýleki Hazarýaka döwletler bilen  halkara maslahatynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak babatynda amala aşyrylýan işler tükeniksizdir. Häzirki zaman ösüş ugurlary boýunça her bir pudagyň öz ösüşlerine eýe bolmagy bolsa, gülläp ösüýän diýarymyzda ösüşleriň has- da köpelýändigini alamatlandyrýar.

Ähli ugurlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy halkyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli ulanyp, zähmet öndürijiligini artdyrmaga-da ýardam berýär. Türkmen tebigatynyň täsinligi, onuň haýwanat dünýäsi we ösümlik dünýäsi hemişe- de alymlar tarapyndan öwrenilýär. Her bir adamda öz ýaşaýan ýerini arassa saklamak we şol ýerde tebiagtyň abadançylygyny goramak, ýagny agaçlara hem- de güllere zeper ýetrimezligi gorap saklamak üçin edilýän ýokary derejeli işler häzirki döwürde ýurdumyzda ählihalk işine öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň aslynda tebigata ýakyn, daş- töwerek, çöl- beýewanlarda bitýän dermanlyk otlar bilen ýaşamaga werziş bolandygynyň alamatydyr.

Biziň ýurdumyzda hem dürli çäreleriň geçirilmegi, awtomabilsiz günleriň bellenilmegi bu ugra mysaldyr. Şeýle- de daş- töweregiň abadançylygyny gorap saklamak hem- de şol abadançylykda ýaş nesilleriň, körpe nesilleriň gelejekki durmuşynda ekologiýanyň roly barada işjeňligi kemala getirmek ählihalk işidir.Dünýäniň iň iri meseleleriniň biri bolan  Ara­ly ha­las et­mek me­se­le­si hä­zir­ki döwür has wa­jypdyr.


Häzirki zaman tehnologiýalary bieln tehnologiýalaşdyrylan üstünlikli işler bolsa, ýer ýüzünde ösüşleriň saglamyny görkezýän görkezijileridr.  Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlyklaryň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, sanly serişdeleriň ykdysadyýete giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny we milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň täze innowasion tapgyryna geçilmegini üpjün edýär. Bagtyýar zamanamyzyň raýatlary hökmünde tebigata aýawly garamak meselelerini hem ýada salýan Hazar güni mynasybetli geçirilýän her ýylky çäre Zemin buýsanjy bolan bu ajaýyp dürler hazynasynyň aýawli saklanmagyna ýol açýar. Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Gelejegiň sagdyn pikirli bolmagy halypa- şägirtlik gatnaşyklaryndaky üstünliklerde ýaşlara bolan ynamyň güýçlenmegi bilen baglydyr.   Ýer ýüzündäki tokaýlyklaryň kändigine garamazdan tebigatda ýaşyl zolaga bolan garaýyş başgaçadyr. Näçe köp boldugyça baglar şonça – da baglara bolan yhlas köp olmaly we ttebigatyň hem nepesi täzelenýär.To­kaý­lyk­lar, ba­gy- bos­san­lyk­lar oňaý­ly mik­rok­li­ma­ty emele getirýär, daş­ky gur­şa­wy aras­sa sak­la­ýar. Elbetde biziň tebigatymyz hem örän owadandyr.Çöl­lük ýer­ler­de sa­zak, dag­lyk ýer­ler­de ar­ça, der­ýa boý­la­ryn­da bol­sa dür­li agaç­la­ryň to­kaý­lyk­la­ry dö­re­dil­ýär. Bag ek­mek di­ňe ho­wa­ny aras­sa­la­mak ýa- da adam­la­ryň sag­ly­gy­na oňat tä­sir et­mek bi­len çäk­len­män, ol so­gap iş hem ha­sap­lan­ýar.


Türk­men hal­kyn­da örän ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ýeriň baý­lyk­la­ry­dyr gö­zel­li­kle­ri bo­lan su­wa, ýe­re, bag- bak­ja we haý­wa­nat dün­ýä­si­ne aýaw­ly ga­ra­mak dog­ru­syn­da ata­dan og­la, ogul­dan ag­ty­ga ge­çip gel­ýän ýa­zyl­ma­dyk ka­nun­lar bo­lup­dyr.

 Hazaryň sebitinde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy ýola goýmak bilen , Hazar deňziniň ygtybarly daşky gurşawyny goramak hem-de onuň ekologiýa abadançylygyny gazanmak hem-de dünýä ähmiýetli halkara işlerde logistik dünýägaraýyş bilen onuň gymmatyna düşünmek häzirki döwürde has wajyplygyny saklaýar hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmeginiň zerurdygy bu günki gün ýüze çykýar. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de   Hormatly Prezidentimiz dünýä halkalryny birleşdirýän bu ajaýyp dürler deňziniň gelejekki nesil üçin abadan saklanmagyna uly sarpa goýýar hem-de bize ekologiýa abadançylygyny ýola goýmakda uly mümkinçilikler döredip berýär. Däp bolan dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar bolmagy kuwwatly gelejegi  ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň uly şahasyny döredýän ulag- logistik halka bolsa, dünýäniň Hazarýaka döwletleri bilen has uly baglanşygy saklaýar.

Ýurdumyzyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi dünýä ykdysadyýetine aralaşmagyň üstünlikli çözgütlerine barýan ýollardaň biridir.Ulag – logistik aragatnaşyklaryň üstünlikli çözgütlerinden ugur alyp, diýarymyzyň ösmegi, halk bähbitli edilýän işlere uly badalgadyr. Türkmenistanyň söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlary hem-de teklipleri ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Jahan DÖWLETMYRADOWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:12 pm, Nov 21, 2024
temperature icon 11°C
небольшая облачность
Humidity 71 %
Pressure 1021 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:53 am
Sunset Sunset: 5:51 pm
Öňki taryh

Eýranyň ylmy-tehniki parkynyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen iş sapar gurnaldy

Next Story

Jeren Halnazarowa & MAD Nazarov – My love

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop

Don't Miss