Dark
Light
27.12.2025
19032024 004 THE ASHGABAT TIMES

Meniň kalbymda täze mümkinçilikler

28.08.2024

Eziz ildeşlerim, hormatly mugallymlar, mähriban talyp ýoldaşlar!

Ýüregimiň töründe çäksiz buýsanjym bilen doly bolup, meniň bu günki bagtym, diýseň täsin bir duýgy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä Dilleri Institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň nemes dili boýunça 1-nji ýyl talyby bolmak meniň üçin diňe bir bilim almakdan daşary, eýsem, beýik arzuwlarymyň, Watanyma bolan söýgimiň hasyl bolmagynyň başlangyjydyr.

Meniň kalbymda täze mümkinçilikleriň gapylaryny açan bu okuw jaýy, diňe bir bilim paýhasynyň ojagy bolman, eýsem, medeniýetleriň, dünýä dilleriniň baý hazynasydyr. Neme dilini öwrenmek, meniň üçin diňe bir daşary ýurt dilini ele almakdan başgada, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden türkmen medeniýetini, Watanymyzy we mähriban halkymyzy tanatmak üçin uly mümkinçilikdir.

Bu fakulteýde okamak, halkymyzyň geljekki ösüşine uly goşant goşmak, Watanymyzyň abraýyny täze belentliklere çykarmak üçin meniň esasy maksadymdyr. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda, biz ýaşlar, ähli mümkinçiliklere eýe bolup, biziň öňümizde giň mümkinçilikler açylýar. Meniň bu günki bagtym, şol beýik tagallalaryň netijesinde bolup, men diňe bir özüm üçin däl, eýsem, ata-babalarymyzdan miras galan bu mukaddes Watanymyzyň öňünde, ýagty geljegimizde jogapkärçilikli wepalylyk bilen zähmet çekmäge söz berýärin.

Bu beýik okuw ojagynda, bilim almak diňe bir şahsy üstünlikleriň çägi bolman, Watana, millete, halkymyza hyzmat etmegiň, olaryň ykbalyny täze belentliklere götermekde gaýduwsyz göreşmekdir. Şu maksat bilen men, ähli güýjümi, zähmetimi bu fakulteýde aljak bilimime bagyş etjekdigime söz berýärin.

Bu günki buýsanjymy ýakynlarym bilen paýlaşyp, meniň üçin ýatdan çykmajak bu ajaýyp günleriň her bir säheri, beýik maksatlaryma ýakynlaşmak üçin iň gymmatly pursatdyr. Milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, meniň şu okuw jaýyna kabul edilmegim, olaryň alyp barýan parasatly syýasatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň ýene bir subutnamasydyr.

Eziz ildeşlerim, hormatly talyp ýoldaşlar! Bilim almagyň manysyny düýpden täzeden kesgitleýän şu fakulteýde, biz Watanymyza, halkymyza we milletimize söýgi bilen birleşip, beýik üstünliklere ýetmek üçin bilelikde göreşip, jan aýaman zähmet çekjekdigimize ynanýaryn. Goý, her bir günümiz bagtyýarlyk bilen bezenip, maksatlarymyz Watanymyzyň beýik şöhratyna goşant goşsun!

Nowça MÄMMÄÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli
Dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

19032024 004 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Talyp  kalbymyň buýsanjy

9b51cae5dc74aeebff78faa7d32e34f1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Talyplyk ýolundaky täze başlangyç

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop

Don't Miss