Dark
Light
27.12.2025
THE ASHGABAT TIMES

Sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin kurslara ýazylmak e.gov.tm portaly arkaly onlaýn elýeterli

20.08.2024

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin kurslara e.gov.tm döwlet hyzmatlar portaly arkaly onlaýn ýazylmak mümkinçiligi döredilendir. Bu hyzmat raýatlara öýden çykmаzdan, isleýän kategoriýasyny saýlamaga, zerur maglumatlary doldurmaga we okuw üçin töleg etmäge mümkinçilik berýär. Ýazgy e.gov.tm portalyndaky «Awtomobil mekdepleriniň birleşigi» bölüminde elýeterlidir.

Ulanyjylar sürüjilik şahadatnamasynyň bäş kategoriýalarynyň birini saýlap bilerler: B, BC, C, D ýa-da E. Okuw bahasy saýlanan kategoriýa we kursuň dowamlylygyna baglylykda üýtgeýär.

Töleg «Altyn Asyr» ulgamynyň bank kartlary bilen amala aşyrylýar:

  • B – 2.5 aý – 140 sagat – 580 TMT
  • B-C – 3.5 aý – 200 sagat – 748 TMT
  • C – 1.5 aý – 116 sagat 482 TMT
  • D – 2 aý – 100 sagat 440 TMT
  • E – 1.5 aý – 60 sagat 390 TMT.

Kurslara ýazylmak üçin pasportyň nusgasy, lukmançylyk kepilnamasy we suratlar ýaly birnäçe resminamalary ibermek zerurdyr. Portal bu resminamalary elektron görnüşde ýüklemäge mümkinçilik berýär, bu bolsa amaly ep-esli ýeňilleşdirýär: 

Barlap görmek isleseňiz, e.gov.tm/service/awtomekdep

Leave a Reply

Your email address will not be published.

f7d2bfa0e3b6bfb821fab1fa2057bb66 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hazaryň şuglasy

education THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli Maslahatyň taýýarlyk meselesi maslahatlaşyldy

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop