Dark
Light
24.01.2026
566998 scaled THE ASHGABAT TIMES

Talyplyk buýsanjym

26.08.2024

Ýüze sylyp edebiýatyň tuguny,
Seniň waspyň ýetir şahyrlar Watan!
Dürli dille sözläp zyban- täjiňi,
Türkmen mukamynda- sazynda Watan!

Menem gunçaň, ädimlerim gujurym,
Ine bu gün talyp boldum goýnuňda.
Azadynyň ylym ojagyn baglan
Bilim bilen adygaryn goýnuňda!
Seň goýnuňda bahar – ýazyňda Watan!

Men Babaýewa Selbi batyrowna! Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň 1- nji ýyl talyby!

Bu bagtyýar ady almak bagty maňa miýesser bolanyna meniň göwnümiň ganatlary pajarlap uçdy. Çünki bu watanda ýaşap, bu watanda ir bilen dogan  güne salam berip, ilkinji ädimlerimi bu ajaýyp okuw jaýynyň basgançaklaryna ätmek bagtynyň miýesser edenie, talyp deň- duşlarymyň hem meniň bilen deň ädim urup, gujurly nesilleriň watan gelejegini ylym, bilim bilen ösdürmek üçin okajakdygyna ynamym bakydyr. Çünki bu Watanda ýaşlara okamaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri berýän Milletiň Lideri – Gahryman Arkadagymyz hem-de ýaşlara baş bolup duran , gursagy hyjuwdan doly Arkadagly Gahryman Serdarymyz- Hormatly Prezidentimiz bar. Biziň buýsançly bakyşlarymyzda Watan gül açýar, çagalaryň bagtyýar gelejegi bolan bilim dünýäsiniň pajarlamagy bolsa, ilkinji nobatda Watan özgerişiniň mysallarydyr.

Şeýle gujurly, bagtyýar nesilleriň ylhamly ýaşlaryň gelejege barýan bilimli gadamlaryna meniň hem ädimlerim goşulandygy üçin men bu gün Watanmyzyň iň bagtyýar talyplarynyň biridirin!

Maňa bu buýsanjy beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza- Hormatly Prezidentimize sag bolsunlarymyň çägi ýokdur. Goý olaryň janlar sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!Men hem talyp ýüregmiň buýsançly joşguny bilen gelejekde watana gerekli ýaşlaryň biri bolup ýetişmek üçin okuwymy göreldeli okap, halkymyza Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize mynasyp ýaşlaryň biri boljakdygyma ynandyrasym gelýär.Şeýle bagtyýar döwrüň bagtyýar talyby bolmaga mümkinçilik döreden  Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize ýene bir gezek köp sag bolsun aýdýaryn!

Gülle Watan, ýaş ýürekler joş alsyn,
Dolsun ýaşlaň ýürekleri buýsançdan!
Seniň goýnuň mydam abadan bolsun,
Myhman gelsin saňa ýakyndna daşdan.

Öwrenip dilleriň , myhman garşylap,
Mydam seniň waspyň ederis Watan!
Seniň özgerşiňe goşant goşmaga
Okap, öwreneris, öseris Watan!

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gfrd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sohbet Kasymov ft Twist – Gal men bilen

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ejeme hat

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop