9b51cae5dc74aeebff78faa7d32e34f1 THE ASHGABAT TIMES

Talyplyk ýolundaky täze başlangyç

28.08.2024

Bu gün meniň durmuşymda iň täsin we ýatdan çykmajak günleriň biri. Men, Sähra Güýçmyradowa, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň birinji ýyl talyby hökmünde şu beýik okuw ojagynyň agzasy bolmak bagtyna eýe boldum. Bu ajaýyp pursat, meniň üçin diňe bir bilim almak ýolundaky täze başlangyç bolman, eýsem, ata Watanyma we mähriban halkyma mynasyp hyzmat etmek baradaky beýik arzuwlarymyň hem başlangyjydyr.

Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bu mertebeli uniwersitetde bilim almak, meniň üçin beýik mertebedir. Bu ýerde öwrenjek her bir sapagym, aljak her bir sapagym, geljekde halkymyzyň ykbalyna täsir edip biljek ylymly-bilimli nesliň kemala gelmeginde meniň hem paýymy goşmak arzuwynyň bir bölegidir.

Bu günki bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, bilim almagyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys. Bu ajaýyp şertler, biziň başymyzyň täji bolan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň miwesidir. Olar bize diňe bir bilim almak üçin mümkinçilik döretmän, eýsem, Watanymyza wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli nesil bolup ýetişmek üçin ähli şertleri hem üpjün etdiler. Şu günki bagtymyz üçin olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Eziz talyp ýoldaşlar! Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersiteti, biziň üçin ylmyň, bilimiň, medeniýetiň we Watansöýüjiligiň mukaddes mekdebidir. Bu beýik okuw jaýynda aljak bilimimiz, geljekde türkmen halkynyň beýik geljegine hyzmat etmek üçin iň uly baýlygymyz bolar. Men şu kämil mekdebiň talyby hökmünde, aljak bilimimi Watanymyzyň abadanlygyny üpjün etmek, onuň şöhratyny dünýä tanatmak üçin ähli güýjüm bilen ulanmaga söz berýärin.

Goý, her birimiz bu beýik ýolumyzda üstünlikleri gazanyp, Watanymyzy dünýä tanatmakda, halkymyza mynasyp hyzmat etmekde birleşeliň!

Sähra GÜÝÇMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet
Uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Ashgabat
1:56 pm, Mar 26, 2025
temperature icon 9°C
небольшой дождь
Humidity 64 %
Pressure 1024 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:00 am
Sunset Sunset: 7:23 pm
19032024 004 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Meniň kalbymda täze mümkinçilikler

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ajap diýarda

Soňkylar Makalalar

Iňlis dili: Ähliumumy Aragatnaşyk gurallary

25.03.2025
Iňlis dili dünýäde iň giňden ulanylýan dilleriň biri bolup, dürli medeniýetleri we sebitleri birleşdirýän aragatnaşyk köprüsi hyzmatynda çykyş edýär. 5-nji asyrda Angliýa getirilen Anglo-Fris

Giperkinetik Bozulmalar

25.03.2025
Giperkinetik bozulmalar, köplenç üns ýetmezçilikli giperaktiwlik bozulmasy (ADHD) bilen baglanyşykly bolup, artykmaç hereketlilik, impulsivlik we ünsüň durnuksyzlygy bilen häsiýetlendirilýän nerwi ösüş bozulmalarydyr. Bu bozulmalar

Maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek

25.03.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi
GitTop

Don't Miss