Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky bilim gatnaşyklarynyň batly gadamlary

30.08.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň giň gerimli özgertmeleri netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem ägirt uly ösüşler amala aşyrylýar. Türkmenistan döwletimizde milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň geljekki gülläp ösüşleriniň berk binýady bolup hyzmat edýär. Bilim ulgamynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň ylmy hem-de bilim merkezleri, hünärmenleri bilen tejribe alyşmagyna şertler döredilýär.

Bilim ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen resminamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň we hyzmatdaş daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda möhüm ähmiýetli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu babatda Eýran Yslam Respublikasy bilen alnyp barylýan bilim ulgamyndaky netijeli gatnaşyklar hem aýratyn orun eýelär.

1996-njy ýylyň 21-nji iýunynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Bilim ministrliginiň arasyndaky Ähtnama esasynda iki dostlukly ýurduň bilim babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hukuk binýady emele getirildi. Häzirki döwre çenli birnäçe ýokary okuw mekdepleriň arasynda hem gatnaşyklaryň gerimini artdyrmaga ýardam berýän dürli görnüşli Ähtnamalaryň baglaşylandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda “S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” hem-de “Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama” gol çekildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dört sany ýokary okuw mekdeplerinde we Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky jemi alty sany orta mekdeplerinde pars dili boýunça zehinli türkmen ýaşlaryna bilim berilýändigi iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň uzakmöhletli häsiýetlidigini delillendirýär.

Türkmenistanda we Eýran Yslam Respublikasynda geçirilýän halkara derejeli maslahatlara, sergilere, dürli dersler boýunça bäsleşiklere iki ýurduň zehinli mekdep okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler.

2024-nji ýylyň 25-30-njy marty aralygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Halkara matematika olimpiadasy hem bilim ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Türkmenistan döwletimiziň goşýan goşantlarynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu bäsleşige dünýäniň 10-dan gowrak döwletleriniň, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynyň mekdep okuwçylary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar.

Geçen okuw ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda ençeme medeni maksatly çäreler, ýagny goňşy eýran halkynyň we türkmen halkynyň edebi taryhynda uly yz galdyran akyldar şahyrlar Seýid Muhammet Huseýin Behjat Tebriziniň (Şähriýar), Hafeziniň, Abu Ali Ibn Sinanyň, Nyzamy Genjewiniň, Saady Şirazynyň, Abulkasym Ferdöwsiniň döredijiligine bagyşlanan dabaralar geçirildi.

Şeýle hem, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna “Türkmençe-parsça gepleşik sözlügi” atly 20 sany kitap sowgat hökmünde gowşuryldy.

Golaýda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler binasynda medeni hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Türkmen-eýran bilelikdäki ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisi hem-de ussatlyk sapaklary geçirildi. 

Umuman alanyňda, ýokarda beýan edilenleri göz öňünde tutup, türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy maksady bilen, iki dostlukly halklar bilelikde batly gadamlar bilen öňe barýandygyny guwanç bilen aýdyp bileris.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:49 am, Nov 22, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 81 %
Pressure 1020 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 8%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşyk geçirildi

Next Story

Milli aragatnaşygyň häzirki zaman ýoly

Soňkylar Habar

GitTop