7e9e8306a8eb75bd101a783e51abbc7e THE ASHGABAT TIMES

Wengriýada Türkmenistanyň medeniýet günleri geçiriler

06.08.2024

7-nji awgustda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlaýar. Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin türkmen sungat ussatlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý işgärleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik topary Budapešte ugradylar.

Аsmannews neşiriniň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy 7-nji awgustda Budapeštiň “Miras” öýünde geçiriler. Bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi guralar, milli lybaslaryň we häzirki zaman lybaslaryň görkezilişi bolar. Mundan başga-da bu ýerde agşam, Türkmenistanyň sungat ussatlary uly konsert bilen çykyş ederler,

Medeniýet günleriniň maksatnamasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Änew – müňýyllyklaryň çuňlugyndan gözbaş alýan medeniýet” kitabynyň tanyşdyrylyşy, türkmen kinolarynyň görkezilişi, däp bolan türkmen hünärleriniň ussatlyk sapaklary gurnamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Wengriýadaky Medeniýet günleri 11-nji awgusta çenli dowam eder we türkmen sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlanar diýip, çeşme habar berýär .

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:57 pm, Feb 1, 2025
temperature icon 12°C
ясно
Humidity 37 %
Pressure 1027 mb
Wind 14 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:10 am
Sunset Sunset: 6:29 pm
taze nxa7ksa pscttm6 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Bereket etrabynyň häkimine täze orunbasar belledi

asyrlaryn dowamynda iki mukaddes metjitler golyazmalaryn gozelligi we olaryn has seyrek dus gelyanleri THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ASYRLARYŇ DOWAMYNDA IKI MUKADDES METJITLER, GOLÝAZMALARYŇ GÖZELLIGI WE OLARYŇ HAS SEÝREK DUŞ GELÝÄNLERI

Soňkylar Habar

Культурный челлендж от Посольства Туркменистана в Бельгии: мир и доверие в каждом слове

31.01.2025
В честь празднования 2025 года, объявленного Международным годом мира и доверия, а также знаменательного 30-летия постоянного нейтралитета Туркменистана, Посольство Туркменистана в Бельгии организовало уникальную
GitTop