Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Olimpiýa hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen türgenlerini dünýä derejesindäki ýaryşlara häzirden taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýokary netijeleri gazanmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti guramaçylyk toparyny döretmegi, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda sportuň görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny hem-de ýygnanyşyklary guramagy teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty halkara derejede ösdürmegiň, iri sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz türgenlerimiziň 2028-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin häzirden zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
2028-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna Türkmen türgenleri taýýarlanyp başlanar
Soňkylar Habar
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna halkara şahadatnamalar gowşuryldy
Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyza wekilçilik edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke
UNFPA we milli hyzmatdaşlar adatdan daşary ýagdaýlarda reproduktiw saglygyny üpjün etmek boýunça seminar geçirdiler
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwary – 2026-njy ýylyň 21-23-nji ýanwary aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky Wekilhanasy we milli hyzmatdaşlar reproduktiw saglygy
Merkezi Aziýa we Mongoliýa ilçileri Brýusselde möhüm duşuşyk geçirdi
Brýussel — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileri Belgiýanyň Wekiller Palatasynyň Başlygy Piter De Roower bilen ýokary derejeli duşuşyk geçirdiler. Duşuşyk sebitdäki jebisligiň we
ABŞ-nyň Ýörite wekili Serjio Gor we DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Serjio Gor Türkmenistana edýän saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk
Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.