ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara maýyplyk hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi bilen duşuşyk boldy

11.09.2024

2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara maýyplyk hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkaranyň arasynda möhüm duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýty 10-njy sentýabrda habar berdi.

Habarda bellinilişi ýaly, türkmen tarapyndan duşuşyga bilim ministriň orunbasary, halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygy, şeýle hem umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bolan çagalaryň inklýuziw bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sosial goldaw we olary iş bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe möhüm meselelere üns çekdiler.

BMG-nyň Maýyplaryň hukuklary baradaky konwensiýasynyň (CRPD) durmuşa geçirilişine, şeýle hem global «C5» maksatnamasynyň çäginde tejribe alyşmak boýunça bilelikdäki başlangyçlara aýratyn üns berildi.  Bu başlangyçlar, ähli raýatlaryň, şol sanda mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň  deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün edýän inklýusiw syýasaty işläp düzmegi we durmuşa geçirmegi maksat edinýär.

Bilim ministrliginiň wekilleri ýokary hilli inklýuziw bilim we sosial integrasiýa meseleleriniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny belläp geçdiler. Döwletimizde mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň ýokary hilli bilim almaklaryna şeýle hem olaryň iş bilen üpjün edilmegi üçin birnäçe şertler döredilýär.

Mundan başga-da, jemgyýetiň ähli ugurlarynda kämillik derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etjek maksatnamalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen halkara guramalary bilen geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda taraplar tejribe alyşmagy dowam etdirmek we mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara goldaw bermek şeýle-de  ýurduň sosial, bilim we ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmak maksady bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, ýurdumyzda aýratyn bilim zerurlygy bolan çagalara goldaw bermek üçin dürli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi, şol sanda özbaşdak okuw mümkinçilikleri we döwlet tarapyndan kömek pullary görnüşinde goldaw berilýändigi bellenildi. Bu goldawlar, mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň doly ösmegi we Türkmenistanyň jemgyýetçilik syýasatynyň esasy bölegi bolan jemgyýete üstünlikli goşulyşmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi raýatlar üçin deň mümkinçilikleri döredip bilýän inklýuziw jemgyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny aýdyp, täsirli geçen gepleşik üçin minnetdarlyk bildirdi. Halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistan, maýyplara goldaw bermek meselesinde öňdebaryjy halkara guramalary we dünýä  ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirýär.

loader-image
Ashgabat
4:59 am, Sep 19, 2024
temperature icon 15°C
небольшая облачность
Humidity 58 %
Pressure 1018 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Türkmenistan we Owganystan birnäçe energetika hem-de ulag infrastrukturasynyň gurluşygyna badalga berildi

Next Story

Türkmen hünärmenleri Türkiýede okuw saparynda boldular

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss