2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizaweta Rud ABŞ-nyň Aşgabatdaky täze ilçihanalar toplumynda ilkinji metbugat brifingini geçirdi. Žurnalistler bilen bolan duşuşygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň diplomatik missiýasynyň başlygy hökmünde alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.
«Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçisi hökmünde Türkmenistanda bolanyma örän şat» – diýdi. «24-nji iýulda gelenimden bäri, Prezident Serdar Berdimuhamedow, Daşary işler ministri we Türkmenistanyň beýleki hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşdym».
Ilçi Rud işiň dört esasy ugruna ünsi çekdi. Howa meselesi barada durup geçip, ol şeýle diýdi: – Türkmenistan strategiki ýerleşişe eýe we howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmakda möhüm rol oýnaýar. Prezident Serdar Berdymuhamedowyň geçen ýyl global metan wadasyna goşulmagyny diýseň oňyn garşylaýarys.
Ykdysady ugurda, Rud täze mümkinçilikleri döretmäge kömek etjekdigini wada berdi: – Türkmenistanyň hökümeti we hususy pudak, şeýle hem bu ýurtdaky bilim edaralary bilen täze iş orunlaryny döretmek, täze iş mümkinçilikleri döretmek we Türkmenistanyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak üçin işleşeris!
Ilçi Rud iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek isleýändigini aýtdy: – Meniň işimiň ýene bir ugry halkymyzyň, halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek bolar. Geçen hepde Mary Amerikan burçuna baryp gördüm. Men ýaşlaryň STEM ugurlarynda-da has köp zat öwrenmekleri we iňlis dilini ösdürmekde yhlaslary haýran galdyrdy.
Sözüniň ahyrynda ilçi ABŞ-nyň Türkmenistany goldamakda ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady: – Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini elmydama goldaýar.