Dark
Light
24.01.2026
py54wnuyo1b2n4y6xoqaiwafavoprieexh3li8gloetje9yd0uujeqiec9zy 820x720 1 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbi

15.09.2024

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwrümiziň beýik binagäri Milli Liderimiziň tagallalary esasynda gözellik babatda Aşgabadyň gaýtalanmajak binagärlik keşbi döredildi. Ol häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumlaryny, durmuş ähmiýetli möhüm desgalary, kaşaň binalary, bagy-bossanlyklary özünde jemläp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, işewürlik, medeni we sport durmuşynyň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Paýtagtymyzyň ýyl-ýyldan özgerýän keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň yzygiderli depgini, köptaraply kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy hem-de medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Gurulýan binalardyr desgalar diňe bir baş şäherimiziň görküne görk goşman, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň birine öwrüldi. Munuň şeýle bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanan paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň iňňän uly ähmiýeti bardyr. Bu günki gün adamlara has amatly durmuş şertleriniň döredilmeginiň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegi baş şäherimizde alnyp barylýan işleriň mysalynda-da görmek bolýar. Täze taryhy döwürde Milli Liderimiz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz iri gurluşyk taslamalaryny öňe sürmek bilen, olaryň amala aşyrylmagynyň ähli tapgyrlaryny üns merkezinde saklaýarlar. Şunda özboluşly çözgütleriň, sanly tehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Aşgabadyň ekologiýasy, ony bagy-bossanlyga öwürmek meselesinde bolsa bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ileri tutulýar.

Daýanç KUWADOW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

rbwo9oouegzpq4stnt6egukgcyfvzz7esd6zrpevcrs5pokpmilkgbnpmgum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Akylly» şäheriň halkara baýraklarynyň sany artýar

51gygqbcnhl. ac uf10001000 ql80 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Kalila we Dimna» kitaby

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss